Off White iň meşhur moda brendleriniň reýtinginden Gucci-ni gysyp çykardy

  • 14.11.2019 05:57
  • 2.9k+

Lyst gözleg platformasynyň reýtinginde iki ýylyň içinde ilkinji gezek Gucci başky iki setire düşmedi.
Moda harytlarynyň gözlegine ýöriteleşdirilen Lyst platformasy 2019-njy ýylyň üçünji çarýeginde internetde iň meşhur brendleriň reýtingini neşir etdi. Onda birinji orny Wirjil Ablonyň ýolbaşçylyk edýän Off-White brendi eýeledi. Bu soňky dört çärýegiň dowamynda The Lyst Index-iň hasabaty boýunça ikinji gezek şeýle bolýar. Ikinji orny Balenciaga, üçünji orny bolsa Gucci eýeledi – geçen çärýegiň lideri. Iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek brend reýtingde birinji ýa-da ikinji orny eýelemedi. Birinji onluga Versace, Prada, Valentino, Fendi, Burberry, Saint Laurent we Vetements hem girdi. Lyst-yň öz hasabatynda belläp geçýän meşhur moda harytlary barada aýdylanda, sanawyň erkekler üçin niýetlenilen wersiýasyna Moncler brendiniň Bramant kurtkasy baştutanlyk etdi – oňa degişli gözlegler şu ýylyň sentýabr aýynda 92%-e çenli artdy.
Belläp geçsek, hasabata diňe internet arkaly satyn alyp bolýan brendler girýär. Şonuň üçin reýtingde Dior, Chanel, Hermes we onlaýnda asyl hödürlenilmedik ýa-da bölekleýin hödürlenilen beýleki moda öýleri ýok.

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.4k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....