Tesla pikapynyň tanyşdyrylyşynyň senesi belli edildi

  • 14.11.2019 05:47
  • 5k+

Tesla Motors kompaniýasynyň ilkinji elektrik pikapy 21-nji noýabrda görkeziler. Tanyşdyrylyş dabarasy Los-Anjelesda, SpaceX kompaniýasynyň raketa kärhanasyndan uzakda bolmadyk ýerde gurnalar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň senesi barada Ilon Mask özüniň Twitterinde ýazýar we muňa ynanmak bolar, çünki Teslany esaslandyryjy iň ähmiýetli habarlary şol ýerde neşir etmegi makul bilýär. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ýany bilen Mask täzeligiň özi hakynda hem birnäçe maglumatlary habar berdi.
Şonuň netijesinde belli boldy, ýagny uly pikap alty adam ýerleşer ýaly iki sany kabina bilen üpjün ediler. Batareýi zarýadlamasyz ol, takmynan, 650-den 800 kilometre çenli ýoly geçip biler. Ulagyň baza wersiýasy iki sany elektrik enjamy bilen üpjün ediler.
Şeýle-de täzeligi doly herekete getiriji we adaptiw pnewmatik asmasy bilen üpjün ederler. Dizaýn barada gürrüň edilende, Maskyň aýtmagyna görä, bu “Бегущий по лезвию” filimindäki älemden gelen futuristik maşyn bolar.
Şeýle-de, Mercedes-Maybach-yň ilkinji krossoweriniň hem tanyşdyrylyş dabarasy belli edildi.
Bu hem 21-nji noýabrda hytaý Guançžounyň awtosalonynda görkeziler. Awtomobil ajaýyp brendiň ilkinji seriýaly modeli bolar. Tehnikasy barada gürrüň etsek, häzirki wagtda awtomobil doly derejede adaty GLS bilen çaknyşar. Onuň hem iki turbinaly dört litrlik V8-e eýe boljakdygy barada çaklama bar, ýagny V8-iň saýlama wersiýasynda GLS 490 at güýjüni we 700 N.m aýlanyş mümkinçiligini berýär. Transmissiýa – 9 basgançakly.
Daşky görnüşi barada aýdylanda, köp dizaýner çözgütleri 2018-nji ýylda Pekin awtosalonynda tanyşdyrylan elektrik konsept-kar Mercedes-Benz Vision Maybach Ultimate Luxury-dan kabul edilip alynar. Ýöne krossoweriň seriýaly ýerine ýetirilişi konseptden has sadarak görüner.

şu gün 09:36
606

Toyota RAV4 retro görnüşe eýe bolýar: Mitsuoka Buddy täzeden çykýar

Özboluşly we nostalgiýa ruhly awtoulaglary bilen tanalýan Mitsuoka ýapon kompaniýasy öz retro krossoweri bolan Buddy-nyň gaýdyp gelýändigini resmi taýdan mälim etdi. Bu model Toyota RAV4-iň öňki nesline esaslanýar, ýöne onuň daş keşbi 1970-nji ýyllaryň Chevrolet we Cadillac awtoulaglaryny ýada salýar...

şu gün 09:27
719

Mercedes-Benz dünýäde iň güýçli 13 kg-lyk elektrik hereketlendirijisini taýýarlady

Mercedes-Benz-iň Britaniýadaky şahamçasy YASA Group täze nesil aksial elektrik hereketlendirijisini hödürledi. Bu görnüşli hereketlendirijiler okunyň ugrunda aýlanýandygy üçin has ykjam bolýar we elektrikli awtoulaglar üçin amatly hasaplanylýar diýip, Interesting Engineering habar berýär...

düýn 19:05
5.3k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

düýn 10:46
1.9k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...