Türkmenistanly kibersportsmenler Almatadaky elektron sport ýaryşyna gatnaşarlar

  • 13.11.2019 00:59
  • 3.1k+

Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan iň ökde geýmerler 16-17-nji noýabrda Almatada geçiriljek World Electronic Sports Games 2019 Central Asia kibersport ýaryşyna gatnaşarlar. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
Oýunlaryň maksatnamasyna däp bolan dört sany dissiplina girdi: Counter-Strike: Global Offensive (CS:GO), Dota 2, StarCraft II, Pro Evolution Soccer 2020.
Bu ýaryş Malaýziýada geçiriljek indiki tapgyr üçin kwalifikasiýa meýdançasy bolar. CS:GO we Dota 2 boýunça iki sany ýeňiji, şeýle hem StarCraft II we Pro Evolution Soccer 2020 boýunça ýeňijiler 2020-nji ýylyň 2-5-nji ýanwarynda Kuala-Lumpurda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlarynyň arasynda saýlama tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.
Gazagystanda geçiriljek sebitleýin kiber ýaryşda Türkmenistana şu toparlar wekilçilik eder:
• CS:GO – «Galkynyş» topary
• Dota 2 — «Gravity» topary
• PES 2020 — Arif Guseýnow.
«Galkynyş» topary milli saýlama oýunlarynyň ýeňijisi, WESG 2018 Central Asia we Aşgabat – 2017 oýunlaryna gatnaşyjy bolup durýar. geçen oktýabrda «Galkynyş» bassyr üçünji ýyl Counter Strike:Global Offence boýunça WESG Turkmenistan-yň ýeňijisi bolmagy başardy.
Türkmenistanyň 2018-nji ýylda döredilen Elektron sport milli federasiýasy täze dörän sport birleşigidir. Muňa garamazdan, geçen ýylda ol Elektron sportuň Aziýa federasiýasynyň agzasy boldy we 1000-den gowrak agzanyň gatnaşmagynda 10-dan gowrak ýaryş gurnady we geçirdi. 2020-nji ýyldan başlap Federasiýa Türkmen intellektual-kibersport mekdep ligasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

düýn 20:02
3.1k+

Týerri Anri tutuş karýerasyndaky üstünlikleri üçin BBC-niň hormat baýragyna mynasyp boldy

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Londonyň “Arsenalynyň” ady rowaýata öwrülen hüjümçisi Týerri Anri karýerasyndaky ajaýyp üstünlikleri üçin "Lifetime Achievement" (Ömrüniň dowamynda gazanylan üstünlik) baýragyna mynasyp boldy...

düýn 18:19
703

Türkmenistan Hytaý Taýpeýinde geçirilen «FISU Healthy Campus» atly halkara maslahatyna gatnaşdy

9-14-nji dekabr aralygynda Hytaý Taýpeýinde ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge «FISU Healthy Campus» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş sekretary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Serdar Gurdow gatnaşdy...

düýn 12:35
7.3k+

Entoni Joşua altynjy raundda Jeýk Poly nokauta gidirdi

Britaniýaly boksçy, superagyr agramda öňki birleşdirilen dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger we boksçy Jeýk Poldan üstün çykdy. Söweş 20-nji dekabrda ABŞ-nyň Maýami şäherindäki «Kaseýýa Sentr» arenasynda geçirilen ýaryşyň esasy wakasy boldy...

düýn 11:58
4.1k+

Türkmen karateçileri Özbegistanda Arkalaşyk kubogyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Arkalaşyk kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýar. Ýaryş 19-21-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň Nawoýy şäherinde geçirilýär. Meýlis Paşagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky toparyň düzümine üç türgen girdi...