Tawus ýelegi we keramika: Bvlgari-niň täzelikleri

  • 10.11.2019 21:07
  • 3.9k+

Şy ýylda italýan Bvlgari ýuwelir Öýi anyk we owadan sagatlaryň gadyryny bilýänler üçin birwagtda iki sany täzeligi çykardy: 2019-njy ýylyň başynda biri Divas’ Dream aýal-gyzlar kolleksiýasyndan görkezildi, Baselworld halkara sergisinde bolsa – erkekler üçin Octo Finissimo täzeligi hödürldi.
Ženewa tanyşdyrylyş dabarasynda Bvlgari öýi şu ýyl özüniň 135 ýyllygyny belleýän ýuwelir öýüniň däplerini dowam etdiriji Divas’ Dream kolleksiýasyndan täzelikleri görkezdi. Bu seriýa metier d’art stilindäki sagatlar bilen üstüni ýetirdi – olaryň siferblaty tawus ýeleginiň fragmenti bilen bezelen, 37 millimetr suwa çydamly 18-karat gülgüne altyndan durýan korpusda bolsa awtomatik işleýji BVL 191 manifaktur kalibri gizlenen. Altyn ilgençekli alligatoryň derisinden edilen ýapyk-çal reňkli gaýyşjyk täsin dizaýnyň üstüni ýetirýär.
Baselworld-2019 halkara sagat sergisiniň premýerasy diňe bir az sözli dizaýny bilen ünsüňi çekmän, eýsem, tehniki häsiýetleri bilen hem özüne çekýän Octo Finissimo seriýasy boldy. Oňa esasy alamatlary seferblat, korpus we ilgençekli bilezik üçin material hökmünde ulanylan keramika bolan Automatic Ceramic we Skeleton Ceramic modelleri girdi. Täzelikler has inçe boldular - bary-ýogy 40mm, şeýle-de 30 m çenli suwa çydamlylyk bilen, BVL 138 Finissimo we BVL 128SK Finissimo kalibrleri bilen, we degişlilikde ýakut daşly aýna gapagy bilen üpjün edilen.
Divas’ Dream we Octo Finissimo barada köp zady Bvlgari saýtynda bilmek bolýar.

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.4k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....