«Altyn globus» baýragynyň 77-nji gowşurylyş dabarasy

  • 10.11.2019 12:02
  • 2.3k+

2019-njy ýyl boýunça kinematografiýanyň we telewideniýäniň çäklerinde bitiren hyzmaty üçin “Altyn globus” baýragynyň 77-nji gowşurylyş dabarasy 2020-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda “Bewerli-Hilton” myhmanhanasynda geçiriler (Bewerli-Hillz, Los-Anjeles, Kaliforniýa). Baýragyň nominantlary 2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda belli ediler. Gowşurylyş dabarasy NBC kanalynda göni ýaýlymda görkeziler.
1943-nji ýylyň oktýabrynda baýrak sekiz sany daşary ýurt žurnalistleri tarapyndan döredilýär, ilkinji sylaglama dabarasy 1944-nji ýylyň ýanwarynda geçirilýär. Baýragyň laureatlary daşary ýurt žurnalistleriniň Assosiýasiýasynyň 93 agzasy tarapyndan kesgitlenilýär.
Kinematografiýanyň çäginde ýetilen durmuş üstünlikleri üçin Sesilýa B. De Millýa adyndaky hormatly baýraga aktýor, režissýor, sekiz gezek “Altyn globusyň” eýesi Tom Henks hödürleniler. Telewideniýanyň çäginde ýetilen durmuş üstünlikleri üçin Kerol Býornett adyndaky baýrak aktrisa we telealypbaryjy Ellen Dejenerese gowşurylar.
Kinematografiýanyň çäginde “Daşary ýurt dilinde iň gowy film” nominasiýasynda “Altyn globus” amerikan baýragyna dalaşgärleriň başlangyç sanawyna alty sany rus filmi hem girdi. Nominantlaryň gysga sanawy 9-njy dekabrda belli bolar.
Nominasiýa goşulmak ugrundaky göreşe Kantemir Balagowyň “Dylda”, Konstantin Famyň “Kadiş”, Boris Akopowyň “Byk”, Alekseý Kozlowyň “Spasti Leningrad”, Wladimir Alenikowyň “Stranniki terpenýa” we Andreý Bogatyrewiň hem Arta Kamaçonyň “Dikaýa Liga” filmleri gatnaşar, TACC habar berýär.

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.4k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....