«MONACO YACHT SHOW 2019-yň» jemi jemlendi

  • 09.11.2019 17:46
  • 2.8k+

Monaco Yacht Show – dünýäde superýahtalaryň iň uly we abraýly sergisi – 1991-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. “Haçan-da özgeriş ýeli öwsende, diwarlary däl, ýelkenleri goý” – 29-njy Monaco Yacht Show-daky (MYS) üstünlik – ähtimal, doly derejede gadymy pikiri tassyklaýar.
Dünýädäki iň esasy ýahta sergi 30 ýyllyk ýubileýine golaýlaşýar. 29-njy MYS bolsa bir wagtda birnäçe parametrler boýunça rekordly boldy.
Birinjiden, iň gowy ýahtalaryň sany boýunça. Olaryň sany 125-e ýetdi, şolaryň 44-si 2019-njy ýylyň absolýut täzelikleri. Ikinjiden, olaryň pul bahasy boýunça, bu ýylda olaryň pul bahasy 3,9 milliard ýewro barabar boldy. Üçünjiden, serginiň bütin taryhynyň dowamynda gämi bortundaky içki göwrüm nukdaýnazaryndan bu iň uly flot boldy: ortaça ähmiýeti – 800 registr tonn.
Bu ýylda MYS-iň iň uly ýahtasy Imperial-yň gözegçiligi astynda nemes gämi ussahanasy Luerssen tarapyndan gurlan, 136 metrlik Flying Fox boldy. Uly ölçegine we resmi däldigine garamazdan, Flying Fox ylalaşyk üçin elýeterli we ol Passenger Yacht Code standartyna gabat gelýän iň uly ylalaşyk megaýahtasy hasaplanylýar.
Imperial Yachts Monakoda beýleki bir megaýahtany hem görkezdi – Amadea (106 m, Lierssen, 2016) dünýäde iň gymmat interýerleriň biri bilen.
Luersseniň ýene bir belli premýerasy iňlis studiýasy Winch Design-iň taslamasy boýunça a-lýa Wersal nusgawy köşk stilinde Monakoda ýaşaýan eýesi üçin gurlan 111 metrli TIS boldy.
Ölçegi boýunça MYS-iň täzeligi DreAMBoat (90 m, Oceanco) üçünji boldy. Onuň eýesi – Atlanta Falcons amerikan futbol ligasynyň prezidenti Artur Blank. Onuň adynyň we familiýasynyň baş harplary – ýahtanyň adynda. DreAMBoat-yň interýeri Terensa Disdeýliň casual nusgawy stilinde döredilen. Meňzeş casual stil ilkinji gezek Roman Abramowiçiň Eclipse ýahtasynda ýüze çykypdy. DreAMBoat – hususy gämi, ýöne, eger-de ol ylalaşyga berilýän bolsady, onda ol hit bolardy.
80 metrlik täze Excellense – Monaco Yacht Show Superyacht Awards-da birwagtda birnäçe nominasiýalarda utdy. Aýratynam, gowy taraplarynyň jemi boýunça iň gowy täze superýahta berilýän, MYS Finest New Superyacht Awards nominasiýasynda. Ony Abeking&Rasmussen nemes gämi ussahanalarynyň superprofileriniň durmuşa geçirip bilen daşky görnüşi boýunça sylagladylar.
Ýene bir futurist täzeligi 85 metrli militar stilinde gazaply görnüşli Bold boldy. Bold – Espena Oýnonyň taslamasy boýunça – tutuşlygyna alýuminiýden gurlan tizlikli ekspedisiýa ýahtasy. Ýahtanyň ady – Bold – onuň häsiýetini gowy şöhlelendirýär. Hem güýçli,hem dogumly, hem ynamly. Bu awstraliýa gämi ussahanasy Silver Yachts tarapyndan suwa goýberilen iň uly superýahta.
“80m” segmenti bu ýylda meşhur boldy. Oňa Studio Zuccon International (daşky görnüşi) we Studio Laura Sessa (interýer) taslamasy boýunça döredilen 79 metrli täze CRN 135 ýahtasy hem goşuldy. Bu ölçegi boýunça CRN italýan gämi ussahasynyň 80 metrli Chopi Chopi –sinden soň ikinji superýahta.
Flagman täzeligi Amels 220 taslamasyndan 67,6 metrli Aurora Borealis ýahtasy boldy. Onuň bilen bir hatarda sergä Here Comes The Sun (83 m, 2017) hem gatnaşdy – Amels 272 Limited Editions-iň lineýkasynda ilkinji we häzirki wagtda Amelsiň iň uly ýahtasy.
MYS 2019-yň köp myhmanlary üçin serginiň öňdebaryjysy Syzygy 818 boldy – Feadship-iň 77,2 metrli ýahtasy. Adynyň esasynda täze aý we doly aý bolan mahalynda Günüň, Ýeriň we Aýyň ýagdaýyny aňlatmak üçin ulanylýan grek gelip çykyşly söz ýatyr. Interýer Aziýa stilinde – golland Sinot Exclusive Yacht Design-iň işi.

düýn 00:38
4.2k+

Grenlandiýa deňzinde Arktikanyň iň çuň gaz gidrat ýataklary tapyldy

Arktika sebitinde 3640 metr çuňlukda iň çuň gaz gidrat ýataklary ýüze çykaryldy. Bu ýerlerde işjeň metan we çig nebit syzyplary hasaba alyndy, olar bolsa öz gezeginde dinamiki geologik we biologik gurşawy emele getirýärler...

25.12.2025 13:04
6.1k+

«Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamalarynyň dizaýny BIEG-niň iň gowy dizaýnlarynyň sanawyna girdi

Türkmenistanyň HASAR kompaniýasynyň «Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamasynyň dizaýny Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) ýubileý neşirine goşuldy. Bu neşir Gaaga ylalaşygynyň 100 ýyllygyna...

17.12.2025 10:34
4.5k+

Vogue 2025-nji ýylyň iň ýaraşykly stili bolan adamlaryny atlandyrdy

Vogue amerikan neşiri ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň gowy geýnen adamlarynyň sanawyny hödürledi. Atlaryň sanawy we iň gowy obrazlaryň suratlary žurnalyň saýtynda ýerleşdirildi. Reýtinge moda, kino, aýdym-saz, syýasat we işewürlik pudagyndan 50 töweregi şahsyýet girdi...

10.12.2025 12:02
6.2k+

Levi's brendi Eýnşteýniň meşhur kurtkasyny täzeden dikeltdi

Levi's Vintage Clothing brendi fizik Albert Eýnşteýniň geýen meşhur deri kurtkasynyň çäkli seriýasyny görkezdi. Menlo Cossack diýlip atlandyrylan bu modelden jemi 800 sany öndürildi. Hypebeast-iň habar bermegine görä, olaryň her biri elde belgilenendir...