Paltoňyzy aýawly saklamaga kömek etjek 5 düzgün

  • 07.11.2019 06:06
  • 9.4k+

Palto – biziň güýz garderobymyzda iň gowy egin-eşiklerimiziň biri. Erkin hem-de ýumşak paltolar ýyly we rahat bolýar. Agyr obrazlar üçin klassyky gapma-garşy ilikli, iki ýanyna iliklenýän paltony saýlamak bolýar.
Ýüňüň esasynda ýyly we galyň matadan edilen paltolary saýlaň, goýun ýüňi kaşemir, ýüpek, wiskoza ýa-da düýe ýüňi bilen gowy utgaşar. Şeýle materiallara aýawly garamak kyn däl – belli bolşy ýaly, bu matalar ýakymly we berk, ýöne paltonyň uzak wagtlap täzeligini saklamak üçin birnäçe düzgünleri berjaý etmeli.
Önüme degişli maglumatlar
Islendik material üçin ýuwmagyň, guratmagyň we ütüklemegiň öndürijiler tarapyndan kärhanalarda testleriň netijeleri boýunça kesgitlenilýän belli bir režimleri bellenilen. Egin-eşikleri zaýalamazlyk üçin şol režimlerden peýdalanmaly.
Arassalamak işi
Ownujak hapajyklary ýelmeşegen lentaly rolik bilen arassalamak bolýar (şeýle rolikleri satyn almak ýa-da inli skoç bilen özbaşdak ýasamak bolar). Paltony tozandan we gury hapadan arassalamak üçin ýumşak çöpli çotga gerek bolar – onuň bilen paltonyň ýüzünden tüýüniň ugry boýunça geçiň. Eger-de paltoňyzda tokgaja zatlar emele gelen bolsa – jübüňizde, egniňizde, ýeňiňizde, olary ýüňe ideg etmek üçin ulanylýan ýörite enjamlar bilen aýyryň.
Ýuwmak işi
Ýüň materiallar suwdan “gorkýarlar”, şonuň üçin siz islendik paltolaryň ýarlyjagynda diýen ýaly ony himçistka bermelidigi baradaky maslahata gabat gelersiňiz. Şeýle arassalama işini her ýyl möwsüm başlamazyndan öň etmeli, şeýle-de aýrylmasy kyn bolan tegmiller (ýagly, miweli we ş.m) bilen hem himçistka ýüz tutmak bolýar. Eger-de palto suwuklyk dökülen bolsa, ony şol wagt salfetkanyň ýa-da gury mata böleginiň kömegi bilen siňdirip almaly, aňsatlyk bilen aýrylýan tegmilleri bolsa seresaplyk bilen ýuwmak, soňra ýaňky ýaly edip siňdirip almak (ýöne sürtelemeli däl!) we guratmak bolar.
Guratmak işi
Güýz howasy üýtgäp duran we ony öňünden çaklap bolmaýar, şonuň üçin paltony guratmagyň usulyny ýatda saklamaly. Eger-de siz ýagyşda ýa-da garyň aşagynda galan bolsaňyz, paltoňyzy öý temperaturasynda gowy ýel çalýan ýerde asgyçdan asyp goýuň. Ony hiç haçan çyglygyna şkafa ýygnamaň. Eger-de palto dolulygyna ezilen bolsa, suw hem materiala siňen bolsa, paltony polotensanyň üstüne ýazyň, guraýança garaşyň, şondan soň asgyja asyň. Paltony batareýalarda ýa-da güýçli gyzdyryjylaryň ýanynda guratmak bolmaýar – netijede onuň ölçegi kiçelip we gelşiksiz görnüp biler.
Saklamak işi
Nädogry saklanan wagtynda ýüň matalar süýnüp bilýär – netijede eşikler formasyny ýitirýär we figura laýyk oturmaýar. Şeýle bolmazlygy üçin asgyjy ölçege görä alyň – giň eginlikli, agaç ýa-da matany çekip duran. Şeýle-de jübülerinden ownuk zatlary, açarlary, göwrümli ellikleri aýyrmagy ýatdan çykarmaň.
Paltony garaňky we salkyn ýerde saklamaly – munuň üçin içinde ep-esli ýer bolan şkaflar laýyk bolar, tomsuna bolsa howa geçirýän ýörite daşlyklary peýdalansaň gowy.

07.03.2026 19:41
6.7k+

Caviar bahasy 11 490 dollara çenli ýetýän Galaxy S26 Ultra kolleksiýasyny çykardy

Caviar kompaniýasy Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň "Totem Collection" diýlip atlandyrylýan täze premium görnüşlerini hödürledi. Bu ýörite seriýa simwoliki jandarlardan, ýagny atdan, ýolbarsdan, möjekden we laçyndan ylham alnyp döredilen modelleri öz içine alýar...

04.03.2026 15:33
1.7k+

Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar

Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...

02.03.2026 16:04
1.2k+

Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi

Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär...

27.02.2026 11:50
6.8k+

Içi görünýän köwüşler — 2026-njy ýylyň täze trendi

2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde 90-njy ýyllarda ýoň bolan içi görülýän köwüşler moda görä geýinmegiň baş alamatlarynyň biri bolar. Şunlukda köwüşleriň häzirki zaman materiallary bilen utgaşdyrylan sypaýy görnüşleri ýene-de moda dünýäsine gaýdyp geler...