Türkmenistanda raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga çagyrmaklygyň tertibi

  • 02.11.2019 05:26
  • 6.1k+

Häzirki wagtda güýzki çagyryş möwsüminiň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hataryna ýurdumyzyň ähli harby wekillikleri tarapyndan raýatlary harby gulluga çagyryş işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Çagyryşa degişli raýatlaryň milli goşunymyza kabul edilişiniň hereket edýän tertibi baradaky «Milli goşun» elektron neşiriniň berýän maglumatlaryny okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.
Ýagny, bu döwür harby gulluga çagyryşa degişli raýatlara etrap ýa-da etrap hukukly şäher harby wekilliginden çagyryş hatynyň gelip gowuşmagyndan başlanýar. Olar çagyryş hatynda görkezilen wagtda harby wekillige gelip, bilimi, maşgala ýagdaýy we beýleki şahsy maglumatlary barada harby wekilligiň işgärleri bilen gürrüňdeş bolup, lukmançylyk barlagyndan geçýärler. Raýatlar özlerinden soralýan ähli maglumatlar we milli goşunymyzda gulluk etmäge bökdençlik döredip biljek özlerinde bar bolan ýagdaýlary barada habar bermäge borçludyrlar.
Eger-de haýsydyr bir keseliň bardygy ýüze çykarylsa ýa-da onuň bardygy güman edilse, degişli saglyk edaralaryna ýollanma haty berilýär. Şonuň esasynda raýat, ýollanan saglyk edarasynda goşmaça lukmançylyk barlaglardan geçip, gerek bolsa bejergi alyp, olaryň netijeleri bilen harby wekilligi öz wagtynda habarly etmäge borçlandyrylýar.
Soňra harby wekillikleriň lukmançylyk topary tarapyndan doly derejede seljerilýär we raýatyň harby gulluga ýaramlylygy barada ýa-da gollanmalaryň talaplaryna laýyklykda beýleki degişli netijeler çykarylýar hem-de çagyryş toparyň başlygynyň garamagyna geçirilýär we raýata ýaramlylygy hem-de harby gulluga çagyrylýandygy barada habar berilýär, şeýle hem çagyryş haty gowşurylýar.
Eger raýat işleýän bolsa, ol çagyryş hatyny şol edaranyň işgärler bölümine görkezmeli. Iş beriji edara bolsa öz gezeginde harby gulluga çagyrylýan raýatyň iş ornuny saklap galmaly, doly däl aýyň dowamynda işlän günleri üçin zähmet hakyny raýatyň bank kartyna geçirmeli.
Çagyryş hatynda görkezilen wagtda etrap (şäher) harby wekillige gelen raýat bellenen topary bilen welaýat (welaýat hukukly şäher) harby wekilligine iberilýär we gutarnykly lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Soňra raýatlar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan çagyryş topary tarapyndan olaryň hünärleri, başarnyklary, ukyplary dogrusynda gürrüňdeşlik geçirilýär we onuň esasynda raýatyň çagyryş boýunça harby gullugyny haýsy goşun görnüşlerinde geçjekdigi kesgitlenýär.
Eger-de çagyryş toparynyň raýaty harby gulluga ugratmak hakyndaky kesgitli netijä gelen güni bellenen harby bölüme ugradylmadyk ýagdaýynda, onda raýata welaýat (welaýat hukukly şäher) harby wekilligine ýene-de gelmeli güni görkezilip çagyryş haty berilýär.
Bellenilen toparlaryň gitmeli günleri harby bölümleriň serkerdeleri tarapyndan ýörite bellenilen harby gullukçylar topary kabul edip alýar we harby wekillikleriň wekilleri bilen demir ýol menziline baryp, olar dabaraly ýagdaýda harby bölümlere ugradylýar.
Harby gulluga çagyrylýan raýatlara öz ýanlary bilen ýuwunmak üçin serişdelerini we bar bolan ýagdaýynda sürüjilik şahadatnamasyny almagy maslahat berilýär.
Raýatlar harby wekilliklerden harby bölümlere ugradylan gününden harby gullukçylaryň statusyna eýe bolýarlar.

14.12.2025 12:23
5.4k+

«Baky Tylla» bilim merkezi: geljekki çempionlar üçin ýol açylýar

Häzirki zaman sanly dünýäsinde üstünlik gazanmak, diňe bir tehnologiýany ulanmagy däl, eýsem ony döretmegi we çylşyrymly meseleleri çözmegi başarmagy talap edýär. «Baky Tylla» bilim merkezi hut şu maksat bilen, ýaş zehinleriň gizlin mümkinçiliklerini açmak we olary dünýä derejesindäki hünärmenler edip ýetişdirmek üçin hereket edýär...

10.12.2025 09:30
195k+

“Bedew Elektronikada” -10%; -20%; -30%-e çenli arzanlaşyklar dowam edýär

Täze ýylda özüňe hem sowgat alyp begendirmeli däl diýip kim aýdypdyr?! “Bedew Elektronika” dükanynda hojalykda ulanyp boljak tehnikalaryň giň toplumyna Täze ýyl arzanlaşygy dowam edýär. Özüňize we ýakynlaryňyza hojalykda işiňizi ýeňilleşdirjek dürli görnüşli tehnikalary amatly bahadan satyn almak üçin mümkinçilikden peýdalanyň...

05.12.2025 10:23
112k+

“Bedew Elektronikada” Täze ýyl arzanlaşygy başlady: Android TV-ler, gazplitalar, pylesoslar...

Täze ýylda ýakynlaryňa näme sowgat etmeli diýip oýlanýanlar üçin “Bedew Elektronika” dükany amatly teklip hödürledi. Dekabryň tutuş dowamynda dükanda Täze ýyl arzanlaşyk aksiýasy hereket edýär. Aksiýanyň barşynda Android telewizorlar, peçler, gazplitalar, et maşynlar, pylesoslar we başga-da köp sanly tehnikalary has elýeter bahadan alyp bolar...

02.12.2025 18:31
131k+

Banka girew goýmakçy bolýan emlägiňize baha kesmelimi? "Şowly baha" HK baha kesmek hyzmatyny hödürleýär

BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK? Ýönekeý dilde aýdylanda... Mysal üçin, islendik adam belli bir maksat bilen bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar...