Tiz wagtda çözgüt kabul etmegiň ýedi düzgüni

  • 30.10.2019 06:05
  • 3.4k+

Islendik bir çözgüdi kabul etmek – töwekgelçilik, has dogrusyny kabul etmek bolsa – iki esse töwekgelçilik, çünki birnäçe wariantlary gözden geçirip, iň ýönekeý we özüne çekijileriň arasyndan iň dogrusyny saýlap almaly.
Dogry çözgüdi kabul etmesiz üstünlik gazanmak mümkin däl. Ýöne nädip olary ýalňyşsyz kabul etmeli ýa-da nädogry çözgüdi kabul etmek ähtimallygyny nädip peseltmeli?
1-nji düzgün. Çözgüt kabul etmek üçin soraglaryň anyk çäklendirilmegi
Ösüşde bolan islendik adamyň maksatlary hemişe anyk kesgitlenen bolýar hem-de kabul ediljek çözgütler degişlilikde ilkinji nobatdakylara (ýagny üstünlik getirjek ýa-da oňa täsir etjekler) we ikinji derejelilere bölünýärler. Şonuň bilen bir wagtda iş etikasy hakynda we özüňiziň ahlak gymmatlyklaryňyz hakynda ýatdan çykarmaň – maksatlaryňyzy prinsipleriňiz bilen alyp gitmek diňe bir dogry çözgüt kabul etmäge däl, eýsem işgärleriň öňünde we biznes-çäginde siziň awtoritetiňizi ýokarlandyrar.
2-nji düzgün. Kabul edilen çözgütler – siziň netijä bolan jogapkärligiňiz
Bu düzgüni berk ýadyňyzda saklaň we siziň her kabul edýän çözgüdiňize diňe özüňiziň jogap berýändigiňize hemişe akyl ýetiriň. Eger-de siz öz çözgütleriňize doly jogap berip bilmeýän bolsaňyz, onda olary ýeke özüňiz çözmäň.
3-nji düzgün. Stres ýagdaýyňyzda çözgüt kabul etmäň
Kähalatlarda möhüm çözgütleri stres ýagdaýda ( gahar, gaýgy, aňrybaş howlukmaçlyk) çözmeli bolýar. Tejribe şeýle ýagdaýda kabul edilen çözgütleriň hakykatda dogry bolmaýandygyny, netijäniň bolsa daşlaşýandygyny görkezýär.
Hökmany suratda ýagdaýy analizlemek üçin wagt gerek. Munuň üçin şulary etmek ýeterlik:
-Meseleli ýagdaýy tejribede nazara alyp, geçmişde, häzirki wagtda we pikiriňde geljekde getirip ölçeşdirip görmek;
-Ýüze çykan meseleler we olaryň ýüze çykmagynyň sebabi bilen tiz ýagdaýda jikme-jik tanyşmak;
-Ýüze çykan mesele baradaky ähli möhüm informasiýalar analiz edilýänçä, doly obýektiwligi saklamak we gyssagly netijelerden saklanmak.
4-nji düzgün. Dogry netijeler üçin informasiýa ýeterlik bolmaly
Ýolbaşçy üçin işe gerek bolan aktual informasiýany anyklamak we ondaky möhüm pursatlarda ünsi jemlemek başarnygy örän zerur.
Möhüm informasiýany ýüze çykarmak üçin, şeýle maslahatdan peýdalanyň:
-Bar bolan faktlaryň diňe bir bölegi beýlekileriň ählisini jikme-jik ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär – birinji nobatda şony kesgitlemeli.
-Bar bolan ähmiýetli maglumatlary peselme tertipde ýerleşdirmeli.
-Şertlerden diňe birini, ýagny dogry çözgüt üçin esas boljagyny ýüze çykarmaly.
-Bar bolan maglumatlary olara häsiýetli bolan kategoriýalar boýunça bölüşdiriň we olaryň elementleriniň arasyndaky arabaglanyşygy tapyň.
Maglumatlary hemişe gözläp ýörmäň – gymmatly wagtyňyzy ýitirersiňiz.
5-nji düzgün. Gutarnykly çözgüt kabul etmeziňizden öň masalahatlaşyň
Siziň işiňize az-kem bolsa-da düşünýän dostlaryňyz we tanyşlaryňyz size gymmatly maslahatlary berip bilerler ýa-da sizi dogry çözgüde getirjek, gözden sypdyrylan möhüm faklara üns berdirerler. Esasan hem özleriniň tejribeleri bilen paýlaşýan üstünlikli adamlaryň maslahatlary möhüm bolup biler, olar “meseleli” ýagdaýlara özleriniň göni täsirini ýetirip bilerler.
6-njy düzgün. Çözgüt kabul etmekden gorkmaň
Eger-de siz eýýam taýýar bolan çözgüdi kabul etmekden ýüz öwürseňiz – bu hem siz üçin çözgüt bolar! Eger-de sizde çözgüt üçin informasiýalar bar bolsa we indiki ädimler oýlanylan bolsa – onda gijikdirmäň. Elbetde, eger hiç zat kabul edilmese, onda ýalňyşlyklar hem bolmaz, emma siz dogry hereket etmäni öwrenip bilmersiňiz! Göwnejaý we netijeli çözgüt kabul etmek üçin hiç haçan ýalňyşsyz bolmaýan tejribe gerek.
7-nji düzgün. Beýleki işlerde ünsi saklaň
Çözgüt kabul etdiňizmi – durna gökde, duzak ýerde edip garaşmaň we netijä garaşyp “gowşamaň”, bolmasa siz “döredijilik” ylhamyňyzy ýitirersiňiz. Öz ugruňyzdan el çekmäň, şonda siziň çözgüdiňiz ýokary hilli bolar.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......