Sankt-Peterburgda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi geçer

  • 27.10.2019 22:31
  • 4.4k+

1-nji noýabrda Russiýanyň medeni paýtagtynda – Sankt-Peterburgda türkmen hudožnikleriniň suratlarynyň “Türkmenistan – ylham jülgesi” atly sergisi açylar. Bu barada ORIENT habar berýär.
Suratlar bilen türkmen suratçylarynyň özleri tanyş ederler, şol sebäpli sergä gelýän adamlaryň ussatlar bilen gürrüňdeş bolmagyna, olaryň döredijiligi barada soraglar bermegine uly mümkinçilik bar.
Şeýle-de çäräniň barşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” kitaby bilen tanyşdyrylar. Kitapda itiň iň bir belli we gadymy tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň berilýär.
Agşamyň dowamynda peterburglylar Türkmenistanyň döwrebap medeniýeti we onuň däp aýratynlyklary bilen tanyşarlar.
Suratlaryň ýanynda, sergide nepis bezeg-şaýlary,amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli geýimler we tagamlar hödürleniler.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bölüminiň goldamagy bilen guralýan çäre “Russiýa – meniň taryhym” atly multimedia seýilgähinde geçer.

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.4k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....