Ýatmazyňdan öň naharlanmagyň saglyga zyýany

  • 26.10.2019 06:33
  • 6.6k+

XXI asyrda adamlaryň köp bölegi arkaýyn naharlanmak üçin hatda ýarym sagadyny hem aýryp bilmeýärler. Köplenç bolsa nahar iýmeli wagt hem geçirilýär, netijede biziň organizmimiz iýmiti gije talap edip başlaýar. Emma agşamlygyna iýp-içmek maslahat berilmeýär. Sebäbi biz iýenimizde biziň metabolizmiz ýokarlanýar. Uky wagtynda organizm dynçlyk ýagdaýda bolýar, emma ukudan öň iýp-içmek bilen bolsa siz öz organizmiňizi gereginden artyk işlemeklige getirýärsiňiz. Biz ýatan wagtymyzda organizmiň bir bölegi işjeň zähmet çekýär. Netijede bolsa, siz özüňizi irden ýadaw we ysgynsyz duýýarsyňyz. Sebäbi organizm dynç alyp bilmedi.
Köp adamlar gije iýmegiň diňe öz agramyna üns berýänler we horlanmak isleýänler üçin zyýanly diýip pikir edýärler. Ýöne, gynansakda, bu esasy zat däl. Aşakda gije näme üçin naharlanmaly däldigiň sebäpleriniň sanawy görkezilen:
-Siziň iýmit siňdiriji sistemaňyz dynç almasyz gije-gündiz hereketde bolýar, bu bolsa onuň işine ýaramaz täsir edýär;
-Içki organlar ýaramaz işläp başlaýar;
-Semizlige getirýär;
-Ösüş garmonlarynyň işlenip çykarylmasy peselýär;
-Uky berk bolman başlaýar. Hünärmenler ukudan öň doýup naharlanmagyň gorkunç düýşleri görmeklige getirýändigini tassyklaýarlar.
Gijesine, elbetde, iýmek bolar. Esasy zat ýatmazyňyzdan 2-3 sagat öň naharlanmaly. Eger-de siz 22:00-da ýatýan bolsaňyz, onda siz 19:00-20:00-da agşamlyk edinmeli. Bu wagt iýmitiň siňmegi üçin ýeterlik. Gartaşan adamlara 5 sagat öň naharlanmak maslahat berilýär. Çagalara we 25 ýaşa çenli adamlara ukudan öň aç bolmak, şeýle-de aşa doýmaklyk bolmaýar. Muňa garamazdan, agşamlygy dogry edinmeli. Käbir önümleri ukudan öň asla iýmeli däl:
-çörek-bulka önümlerini;
-süýji zatlary;
-süýji ir-iýmişleri;
-kakadylan önümleri;
-eti;
-duzlanan önümleri we marinadlary;
-hoz;
-brokkol;
-kelem;
-sogan;
-süle ýarmasyny.
Şeýle-de, kofe, gazlandyrylan we alkogol içgileri hem içmeli däl. Hünärmenler gowrulan iýmitleri iýmegi-de maslahat bermeýärler.
Ýatdan çykarmaň, agşam iýmek siziň diňe bir agramyňyza täsirini ýetirmez. Ol ukusyzlyk, agyr keselleme ýa-da wagtyndan öň garrama ýaly has erbet netijelere-de getirip biler.

şu gün 15:20
1.1k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

şu gün 07:47
1.3k+

Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi...

düýn 15:40
4.8k+

Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...

düýn 08:05
4.6k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...