“Ýandeks” wideodaky geýimleri kesgitleýän Sloy moda programmasyny işe girizdi

  • 24.10.2019 10:38
  • 5.5k+

Sloy – “Ýandeksiň” täze, uly bir oýlap tapyşy. Bu moda we stil baradaky hakykata ýakyn tehnologiýaly programma, ol gysga wideolary düşürmäge mümkinçilik berýär we adamlaryň nähili geýimleri geýendigini kesgitleýär, şeýle-de ýazgy wagtynda AR-effektleri – maskalary we filtrleri goşmaga mümkinçilik berýär. Wideony göni programmanyň özünde montaž etmek bolýar. Bu barada kompaniýada vc.ru gürrüň etdi.
Ulanyjylar özleriniň lentasynda redaktoryň kömegi bilen effektleri, filtrleri we maskalary, Sloy katalogyndan aýdymlary goşup, wideorolikleri goýup bilerler. Şeýle-de her bir ulanyjynyň şahsy maslahat lentasy bar. Wideolary teswirlemek we olary öz “kolleksiýaňda” alyp galmak hem bolýar.
Bu programmada kompýuter görejiniň kömegi bilen serwis wideodaky geýimleri kesgitleýär we olaryň atlaryny aýdýar. Şol zatlara basmak bilen ulanyjy meňzeş predmetli wideolary görüp bilýär.
Bu programmanyň Android üçin niýetlenilen wersiýasyny kompaniýa 2020-nji ýylda işe goýbermegi göz öňünde tutýar. Serwis ulanyjylar üçin mugt.
Kompaniýada vc.ru bilen söhbetdeşlikde programmanyň esasy maksadynyň gatnaşygy ýola goýmakdygy bellenilip geçildi. Onuň niýetlenilen auditoriýasy 12-den 25 ýaşa çenli aralykdaky adamlar. “Ýandeks” Sloy programmasyny 2019-njy ýylyň iýun aýynda testleşdirdi. Teste üç müňden gowrak ulanyjy, şol sanda moda we stil sferasynda 100 bloger gatnaşdy. Serwisiň üstünde “Ýandeks. Dzena”-nyň birnäçe işgärleri işlediler.

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.4k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....