«Joker» taryhda R reýtingli iň girdejili film bolup biler

  • 21.10.2019 23:46
  • 4.3k+

Baş roly Hoakin Feniks ýerine ýetirýän “Joker” kinoteatrda ilkinji gezek oktýabryň başynda görkezildi, iki ýarym hepde geçenden soň dünýä prokatynda ol 737,5 million dollar gazandy.
Ýakyn wagtlarda režissýor Todda Fillipsiň bu kartinasy taryhda R reýtingli iň bir kassaly film bolar. Häzirki wagtda rekord 2018-nji ýylda çykan we dünýä prokatynda 785 million dollar gazanan “Dedpul 2” filme degişli. Kartinany esaslandyryjy Dewid Litça rekordy täzelemäge filmiň ýörite wersiýasynyň, ýagny “Bir bar eken-bir ýok eken Dedpul” adyny alan PG-13 reýtingli relizi kömek etdi. Heniz “Joker” R reýtingli iň bir kassaly filmleriň sanawynda dördünji orny eýeleýär. “Dedpul” bilen birlikde “Matrisa: Perezagruzka” hem ondan öňe geçýär. Analitikleriň pikiri boýunça, Todd Fillipsyň kartinalarynyň jemleýji dünýä ýygyndysy 900 million dollara barabar bolar. Käbir çaklamalara görä, bir milliarda ýetmegi hem ahmal.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....