Dünýä modasynyň meşhur dizaýnerleri Aşgabatda täze kolleksiýalaryny görkezdiler

  • 16.10.2019 06:24
  • 8.3k+

Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly Halkara sergisiniň çäklerinde Fransiýanyň Maison Сoudert modalar öýüniň hem-de Özbegistanyň «Sharg liboslari» Dizaýn merkeziniň wekilleri Aşgabatda ilkinji gezek öz lybaslar toplumlaryny görkezdiler. Bir toplumda dürli ýüpek matalaryň sazlaşygy, bezeginiň nepisligi we gözelligi, ajaýyp agşamky lybaslarda Swarowski gymmatly daşlaryň ýalpyldylary jadyly ertekiler dünýäsini ýada saldy.
Aşgabadyň Modalar öýüniň hödürlän keteniden, şifondan, taftdan, mahmaldan tikilen ajaýyp egin-eşiklerini görkezýän gyzlarymyzyň lybaslarynyň owadan görnüşleri daşary ýurtly synçylary hakykatdan-da haýran galdyrýar. Milli lybasyň däp-dessurlaryny we biçimçiligiň hem-de bezegçiligiň häzirki zaman ugurlaryny özünde jemleýän işleri matalaryň diňe bir ýokary hilliliginiň däl, eýsem, türkmen modasynyň çalt tanalýan gaýtalanmajak görnüşiniň iň oňat mahabaty bolup durýar.
Daşary ýurtly hem-de türkmen dizaýnerleriniň ylhamy we zehini bilen döredilen ajaýyp lybaslarynyň toplumlary milli lybaslary taýýarlamagyň gadymy ýörelgelerini hem-de häzirki zaman meýillerini özünde jemläp, türkmen önümleriniň ýokary hilini beýan edýän özboluşly mahabata öwrüldi. Ýüpekden, mahmaldan hem-de keteniden işlenip taýýarlanan, nagyşlar bilen bezelen ajaýyp lybaslar, şeýle hem adatça toý dabaralarynda zenanlaryň ajaýyp bezegine öwrülýän lybaslar kümüş şaý-sepleriniň sazlaşygynda tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.4k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....