GDA döwletleriniň DIM ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisinde birnäçe çözgütlere gol çekildi

  • 10.10.2019 21:44
  • 2.6k+

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň DIM-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Döwlet sekretary T.Molçan, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew dagylar gatnaşdylar.
Ilkibaşda gepleşikler dar düzümde geçirildi, onuň barşynda mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri, şeýle hem GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar.
Soňra giňişleýin düzümdäki mejlis dowam etdirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özarahereketlere, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmeginiň meselelerine aýratyn ýagdaýda seredilip geçildi. Taraplar utgaşykly hereketler arkaly syýasy hem-de ykdysady integrasiýanyň gazanylyp bolýandygy, häzirki döwrüň wehimlerine öz wagtynda täsir edip bolýandygy baradaky pikire geldiler.
GDA-nyň Daşary işler ministrlerleriniň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasy hakynda», «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişiň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Ýüzlenmesi hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrlerleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda» we «GDA ýurtlarynyň arasynda sportuň dürli ugurlary boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hakynda» çözgütlere gol çekildi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň metbugata ýüzlenmesi geçirildi.

düýn 22:50
4.8k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi

2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 26-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde täze ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny tassyklady...

düýn 09:45
3.9k+

“Mekan” köşgünde Türkmenistanyň 2025-nji ýylda gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabara geçirildi

25-nji dekabrda Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary...

düýn 09:31
8.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň raýatlarynyň ýene bir toparyny Bitaraplygyň ýubileý medallary bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň bir toparyny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi...

düýn 09:25
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt döwletleriniň ilçilerini Bitaraplygyň ýubileý medaly we nyşany bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi...