Parižde türkmen modelýerleriniň sergi-görkezilişi geçirildi

  • 10.10.2019 05:47
  • 5k+

8-nji oktýabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasyny Kabul edişler zalynda türkmen modelýerleriniň kolleksiýalarynyň sergi-görkezilişi gurnaldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan çärä Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň, Fransiýanyň jemgyýetçiliginiň wekilleri, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, diplomatik korpusyň agzalary gatnaşdylar. Sergä we moda görkezilişine habar beriş serişdeleriniň we türkmen jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Ýokary çeperçilik bilen ýerine ýetirilen halylar, haly tehnikasynda ýerine ýetirilen dürli aksessuarlar, milli zergärçilik bezegleri we sowgatlyklary, ýüpek matalardan ketenileriň nusgalary sergi-görkezilişiň esasy özüne çeken önümleri boldy.
Serginiň kitap bölüminde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, şeýle hem dürli neşir önümleri, foto albomlar, bukletler ýerleşdirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri beýan edýän wideofilm serginiň mazmunynyň üstüni ýetirdi.

şu gün 15:08
652

Dolce & Gabbana-nyň modelleri Milandaky görkezilişde adaty tomaşaçylaryň arasyndan ýöräp çykdylar

Milanda Erkekler modasynyň hepdeligi öz işine başlady. Bu möwsümde moda hepdeliginiň maksatnamasynda 76 sany çäre meýilleşdirildi. Instagram-daky Lyst neşiriniň habar bermegine görä, hepdeligiň başynda iň täsirli pursatlaryň biri — «Dolce & Gabbana» brendiniň garaşylmadyk konsepsiýaly görkezilişi boldy...

şu gün 11:12
2.6k+

Valentino-nyň esaslandyryjysynyň 2 milliard dollarlyk mirasy kime galar?

Italiýanyň «Il Messaggero» gazeti dünýä belli Valentino brendiniň esaslandyryjysy, meşhur modelýer Walentino Garawaniniň mirasy baradaky maglumatlary açyklady. 19-njy ýanwarda 93 ýaşynda aradan çykan dizaýneriň umumy baýlygy takmynan 2 milliard dollar möçberinde çaklanylýar...

düýn 23:37
3.2k+

Vogue XIX asyryň geýim stiliniň 2026-njy ýylda ýene moda bolup biljekdigini çaklaýar

Vogue fransuz žurnaly 2026-njy ýylda regencycore stiliniň meşhurlygynyň artjakdygyny çaklady. Gürrüň XIX asyryň modasyndan, ilkinji nobatda, Beýik Britaniýada regentlik döwründen ylham alan egin-eşikler barada gidýär...

düýn 23:30
1.6k+

Viktor & Rolf moda öýi Disney multfilminiň 75 ýyllygyna bagyşlap Zoluşka gurjagyny döretdi

Viktor & Rolf moda öýi Disney we Mattel kompaniýasy bilen bilelikde çäkli sanda kolleksiýa üçin niýetlenen Zoluşka gurjagyny döretdi. Onuň tanyşdyrylyşy 21-nji ýanwarda Parižde geçirildi diýip, WWD habar berýär...