Çaga arlyklary: gowusyny nädip saýlamaly?

  • 03.10.2019 08:18
  • 8.4k+

Sözüň doly manysynda aýtmak bolar — bu günki gün körpejeleri ulaltmak ýaly kyn işi bir gezeklik çaga arlyklary bolmazdan göz öňüne getirmek kyn. Eýsem, çaga arlyklaryny nädip saýlamaly, ilkinji nobatda nämä üns bermeli?

Bir gezeklik çaga arlyklary — körpeleriň iň ýakyn dostudyr. Dermatologlaryň biragyzdan tassyklamagyna görä, bir gezeklik arlyklaryň peýda bolmagy bilen dermatit we gyzarma ýagdaýlary seýrek duş gelip başlapdyr. Emma bu arlyklaryň ählisiniň ähli çagalar üçin deň derejede täsirlidigini aňlatmaýar. Siziň dostuňyzyň çagasyna diýseň laýyk gelen arlyk siziň çagaňyza laýyk gelmän biler. Bu diýildigi, arlyk saýlamaklygy synaglaryň we ýalňyşlyklaryň üsti bilen amala aşyrmaly. Bu babatda şulary maslahat berip bolar:

- Birinji gezek arlyk satyn alanyňyzda, içinde iň az mukdarda arlyk bar bolan upakowkany alyň. Bu eger-de arlyk çaga kiçi bolsa ýa-da onda allergiýa reaksiýalaryny döretse sizi artykmaç çykdajylardan halas eder;

- Özüni oňat tanadan we barlanan öndürijileriň arlyklaryndan peýdalanyň. Çünki olaryň ählisi howpsuzlyk, hil we netijelilik barlaglaryndan geçirilýär;

- Öndürilen senesini we ýaramlylyk möhletini barlamagy unutmaň. Möhleti geçen arlyk täsirliligini ýitirýär. Daş gabynyň abat bolmagy hem möhümdir.

- Arlyklary çaganyň ýaşyna däl-de, agramyna salgylanyp, ölçegi boýunça alyň. «Mini» – 5 kg çenli; «midi» – 9 kg çenli; «maksi» we «maksi+» – 20 kg çenli; «ýunior» – 20 kg-den ýokarda.

Elbetde, çaganyň agramy gutarnykly görkeziji däl. Şol bir agramda dürli çagalaryň beden gurluşy dürlüdir. Has kiçi arlyk tiz dolar we derini gyjyndyrar. Has ulusy bolsa ykjam oturmaz. Körpeleriň tiz ösýändigini nazara alyp, iň kiçi arlyklar eýýäm birnäçe hepdeden kiçi bolup biler. 

Mundan başga nämä üns bermeli?

Döwlet standartlaryna laýyklykda, arlyklaryň daşky ýetmezçilikleri bolmaly däldir: kesilen, bölünen, ýurtylan. Tikinler üznüksiz bolmaly.

Arlygy ýagta tutup görüň — onuň toplanýan ýeri jebis we deňagramly bolmaly. Tene ýakymly bolmaly. Şepbeşik bolmaly däl.

Arlygyň jaýdar oturandygyny nädip anyklamaly?

- Ol göbege çenli ýetip durýar.

- Guşaklygy biliňe jebis oturýar.

- Gapdal aýlawlary aýajyklary jebisje ýapyp durýar. 

- Ildirgiçler deň oturan bolmaly.

Çaga arassaçylygynyň düzgünleri

Ene-atalaryň ýatda saklamaly zady — çaga arlygy näçe siňdiriji bolsa hem çagajygyň derisi gyjyndyryjylar bilen galtaşýar (peşew we ş.m). Bu bolsa epidermisiň goraýjylyk ukybyny peseldýär. Çagajygyň näzik teni gowşak bolýar we gyjynma hem-de çişmä sezewar bolýar.

Munuň öňüni almak üçin, birinjiden, arlyklary zerur bolan badyna çalşyp durmaly. Ikinjiden, çaganyň teniniň ýagdaýyna gözegçilik edip durmaly. Hiç hili kremsiz ýa-da ýagsyz oňup bilýän körpejeler hem, gorag serişdesini talap edýän gala hem bar. Goragy kosmetiki serişdeler döredýär: kremler, pastalar, prisypkalar. Mysal üçin, kremler derini ýumşatmak we iýmitlendirmek üçin gerek, prisypka bolsa ony guratmak üçin gerek.

Galyberse-de, beýleki arassaçylyk kadalaryny ýatdan çykarmaly däl — yzygiderli suwa düşürip durmak, deri çişlerini bejermek. Bu zatlar berjaý edilende, körpejäniň derisi sagdyn bolar.

12.05.2026 15:08
4.1k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.2k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.3k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.7k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....