Öýjükli telefonyň bedene zyýanly täsirini nädip azaltmaly?

  • 10.09.2019 05:14
  • 15k+

Mobil telefonlaryň zyýanly täsiri baradaky jedeller bu aragatnaşyk serişdeleriniň dörän döwründen şu güne çenli dowam edip gelýär.
Bu jedel kimdir birinde diňe ýaňsyly ýylgyryş döretse, beýlekilerinden hakykatdan hem gorky döredýär. Munuň hakykat ýüzünde nähilidigini anyklamaga çalşalyň!
Gürrüň tehnofobiýa baradamy?
Adamzat tebigatyna täze we heniz mälim bolmadyk zatlardan, aýratyn hem täze tehnikalardan gorkmak häsiýetlidir. Ýatlap geçsek, baryp 100 ýyl mundan öň auditoriýa doganlar Lýumýerleriň ilkinji ýakynlaşyp gelýän otluly ýazgylaryna tomaşa etdiler. Galyberse-de, şol döwürlerde alymlar otlulary düýbünden gadagan edipdirler, hamala adamyň ýüregi bu ýokary tizlige çydamazmyş.
Mobil telefonlarda hem edil şolar ýaly. Öýjükli telefonlary dürli tarapdan günäkärleýärler – mysal üçin, mobil telefonlar adamyň beýnisiniň işine ýaramaz täsir edýär, ýürek ritmini bozýar, impotensiýa getirýär... Şunuň bilen birlikde welin, mobil telefonlar hakynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramsynyň tassyklan düýpli zyýanlary heniz ýok.
Pikir edip görseň, biziň daş töweregimiz elektromagnit meýdanlaryndan doly. Olary telewizorlar, kompýuterler, mikrotolkunly peçler, telewyşkalar we beýleki elektrik enjamlar döredýär. Galyberse-de, käbir düzgünler gyşarnyksyz berjaý edilende öýjükli telefonyň bedene zyýanly täsirinden goranyp bolar:
- ykjam telefonda bir gezekde 5 minutdan artyk gepleşmek maslahat berilmeýär;
- öýjükli telefony mümkin boldugyndan özüňden uzakda saklamaly;
- ulagda el telefonlaryny ulanmakdan saklanmaly. Sebäbi metal korpusdan serpigip gaýdýan elektromagnit meýdanynyň täsiri has güýçli bolýar;
- el telefonynda gürleşeniňde ony gulagyňdan 2-3 sm uzaklykda saklamaly;
- ýatanyňda ykjam telefony özüňden azyndan 1 metr uzaklykda goýmaly. Iň gowusy başga ýerde saklamaly;
- göwreli aýallara öýjükli telefonlary köp ulanmak maslahat berilmeýär;
- jaňyň oňat tutmaýan ýa-da gepleşmek kyn bolan ýerlerde (ýerzemin, otly, uçar) öýjükli telefon arkaly gepleşmekden saklanmaly. Çünki bu ýagdaýlarda enjamyň öz funksiýasyny ýerine ýetirmegi kynlaşýar. Netijede ol artykmaç şöhle goýberip başlaýar;
- çagalara (iň bolmanda 10 ýaşa çenli) öýjükli telefonlary ulanmaga rugsat bermeli däl. Elektromagnit şöhlelenme ýaňy ösüp, kemala gelýän ýaş bedene has zyýanly täsir edýär;
- ykjam telefonlaryň täsirini azaldýan azyk önümlerini peýdalanmaly. Gök çaý şöhle kesellerine garşy güýçli täsir edýär. Esasan telefonda gürleşilende, telewizora tomaşa edilende ýüze çykýan ses tolkunynyň täsirini aýyrýar. Antikanserogen (rak dörediji maddalara garşy) we antioksidant häsiýetli mikroelementlere (ýod, kaliý, kalsiý, mis, selen, sink we ş.m.),witaminlere baý önümlere (kelem, käşir, ýertudana, gara garagat we ş.m.) ürç etmeli.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......