Awtoulagyň klimatik şertleriniň ony dolandyrmaklyga täsiri

  • 03.09.2019 16:22
  • 6.1k+

Awtoulagyň içindäki klimatik şertler sürüjiniň özüni duýujylygyna we umumy ýol hereketiniň howpsuzlygyna gönümel täsirini ýetirýär. Bu şertler daşardaky howanyň temperaturasy we howa çalşygynyň derejesi bilen kesgitlenilýär.
Daşky howanyň temperaturasy ýokary ýa-da pes bolanda awtoulagyň sowadyş-ýyladyş ulgamynyň we howa çalşygynyň esasy wezipesi sürüjiler hem-de ýolagçylar üçin amatly şertleri döretmek bolup durýar. Mysal üçin, tomus paslynda Gün şöhleleriniň intensiw saçylan wagty awtoulagyň içindäki gyzan howa diňe daşky howa bilen çalşyrylyp bilner. Awtoulagyň içindäki penjireleriň açylmagy bolsa, parran geçýän şemala, bu şemalyň ýokary şuwwuldysyna, işlenilen gazlaryň, tozanyň we tozgajyklaryň awloulagyň içine düşmegine getirýär. Diýmek, howanyň çyglylygy ýokarlanan wagty awtoulagyň içindäki ýaramaz şertler birnäçe esse ýokarlanýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde, adam bedenine ýaramaz täsirleriň düşmegi bilen onuň ünsüniň gönükdiriliş derejesi we reaksiýasynyň tizligi düýpli peselýär. Tomsuň yssy howasy hem bu ýaramaz täsirleriň biri bolup duryar.
Awtoulag sürüjisi üçin ýaramly temperatura 20-22°C-a çenli aralygynda saýlanylsa gowy bolar. Bu bolsa klimatik täsiriň A zonasyna laýyk gelýär. Daşky howanyň temperaturasy bilen deňeşdirilende, awtoulagyň Gün şöhleleri bilen intensiw saçylmagy netijesinde awtoulagyň içindäki temperaturanyň (husasan-da, kellesiniň deňinde) 15°C ýokary galmagy mümkin.
Bu ýerde yssy howanyň howpludygyny bellemek gerek:
- bedeniň temperaturasy ýokarlanýar, ýürek urgusy çaltlanýar,
- adam öňküsinden köp derleýär;
- adamyň beýnisi kislorody gaty az mukdarda kabul edýär.
Bularyň hemmesini klimatik täsiriň B zonasynda görüp bolýar. C zonasy barada aýdanymyzda, bu zonada adamyň üstüne köp agram düşýär. Şol sebäpden ýol lukmançylygy ugurda işleýän lukmanlar bu haly «klimatik dartgynlylyk» diýip atlandyrýarlar.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde temperaturanyň 25-35°C ýokarlanmagy bilen adamyň takyk bir ýagdaýy dogry bahalandyrmaga we dogry karara gelmäge bolan ukybyny 20% peseldýändigi anyklanyldy.
Agzalan ýüklenmeleri we ýaramaz täsirleri azaltmak ýa-da düýbünden aradan aýyrmak maksady bilen awtoulagyň içinde howany arassalaýan, guradýan we amatly temperaturany döredýän klimatik enjamlary gurnamak hökmanydyr. Bu enjamlaryň kömegi bilen daşky howanyň ýokary temperaturasyna garamazdan, awtoulagyň içindäki howasyny has-da peseldip bolýar. Bu ýerde howanyň çyglylygynyň peselmegi hem möhüm orna eýedir. Howanyň arassalanmagynyň özi awtoulag sürüjisini we ýolagçylary howanyň düzümindäki dürli görnüşli garymlylara bolan allergik reaksiýalardan goraýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünlerini halkymyzyň arasynda giňişleýin düşündirmek barada uly işler alnyp barylýar. Ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegiň we ýokarda bellenilişi ýaly, awtoulaglarda gurnalan klimatik enjamlaryny ulanmagyň özi ýol hereketiniň howpsuzlygynyň wajyp bölegi holup durýar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuwçylara we talyplara ýol hereketiniň düzgünleri öwredilýar. Her ýyl döwlet derejesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk giňden bellenilip geçilýär.

19.03.2026 18:11
3k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
6.1k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
11k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
6k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...