Telekeçilik işinde üstünlik getiren kadalar

  • 20.08.2019 23:41
  • 7.8k+

«Siziň jaňyňyz biziň üçin örän wajyp, ýöne häzirki wagtda biziň ähli operatorlarymyz işli» diýen jümle müşderide diňe närazylyk döredýär. «Virgin» awiakompaniýasynyň müşderileri welin, ine, şu jümläni eşidýärler:
«Salam, meniň adym Riçard Brenson, men şu awiakompaniýanyň eýesi. Häzirki wagtda operatorlarymyzyň ählisi işli. Bu bir näsazlyk. Geliň, şeýle edeliň: eger-de ýene-de 18 sekuntdan hiç kim siziň jaňyňyza jogap bermese, siz 450 funt möçberde ýeňillik alarsyňyz. Men sanamaga başlaýaryn - 18, 17, 16, 15…»
Bulary diňläp duran müşderi bir zady – hiç kimiň telefona jogap bermezligini arzuw edýär.

Ýerine düşen bu biznes çözgüt, edil beýleki köpsanly çözgütler ýaly, häzirki döwrüň iň baý we meşhur telekeçisi Riçard Brensona degişlidir. Ol bary-ýogy 10 ýylyň içinde uly bolmadyk aýdym-saz dükanjygyny köpugurly halkara işewürlik merkezine öwürmegi başardy.
Riçard Brensonyň ynanjyna görä, telekeçilik işinde üstünlik gazanmak üçin oňa janyň-teniň bilen berilmeli. R.Brensony öňe süren kadalary şulardan ybarat:
1. Eger-de siz telekeçi bolup, hiç wagt ýalňyşmadyk bolsaňyz, onda siz telekeçi dälsiňiz.
2. Eger-de iş size ýaramaýan bolsa, onda ol iş bilen meşgullanmaň.
3. Men telekeçilik işime elmydama gyzykly güýmenje hökmünde garaýaryn, şonuň üçin hem kähalatlarda men işiň nirede tamamlanyp, nirede şahsy durmuşymyň başlanýandygyny hem bilmän galýaryn.
4. Maňa ýaramaz hyzmat etseler, men diýseň begenýärin. Sebäbi meniň biznes-pikirlerimiň iň naýbaşylary maňa ýaramaz hyzmat edenlerinden soňra ýüze çykdy.
5. Özgeleriň pikirine gulak asmaga we özümkiden has gowy teklipleri kabul etmäge taýýarlygym maňa 40 ýyllap öz telekeçilik işimi ösdürmäge ýardam etdi.
6. Telekeçilik adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmeli, eger-de beýle bolmasa, ol işi başlap hem oturmaly däl.
7. Bir gezek gazanylan üstünlik, tutuş ömrüňize ýetmez.
8. Men häli-häzirem adamlar bilen ýazyşmagyň däl-de, göni gürleşmegiň tarapdary
 9. Üstünligiň öz-özi size gelmez, oňa tarap hereket etmeli.
10. Telekeçilikde hem edil durmuşdaky ýaly ýagşylyk etmeli.
11. Men örän bagtly adam. Men elmydama ýylgyrýaryn. Adamlar, durmuş, jaýdar düşen degişmeler maňa diýseň ýaraýar. Men ýylgyryş durmuşa ýagtylyk çaýýar diýen pikir bilen ylalaşýaryn.
12. Meniň üçin telekeçilik işini açmak diýmek — guwanyp boljak, zehinli adamalary bir ýere toplap, daşky gurşawyňa düýpli ýardam edip biljek işi gurmak diýmekdir.
13. Öňden hasaplanylan ädimleri ätmekden çekinmäň. Köplenç halatlarda bu size bähbit getirer.
14. Men hatda ýatylýan geýimde wagtym hem telekeçi bolmagymy bes etmeýärin, şol bir wagtda hem kostýum maňa işewürlik endiklerini goşmaýar.
15. Öz işgärleriňize elektron salgyňyzy we telefon belgiňizi habar ediň. Siziň bu hereketiňiz olar üçin güýçli psihologik goldaw bolar: olar bardy-geldi haýsy hem bolsa bir meselede siziň ýardamyňyza mätäç bolsalar, islendik wagt size ýüz tutup boljakdygyny bilerler.
16. Hakyky liderlik şol ýa-da beýleki çözgüdiň näme üçin kabul edilendigini rahat ýagdaýda düşündirip bilmek
17. Haýsydyr bir iş meniň ýüregime düşüp başlasa, men özgertmeler hakynda oýlanyp başlaýaryn.
18. Meniň şygarym: şadyýan ýaşa, puluň özi üstüňe geler.
19. Durmuşda elmydama bir zat gazanýarsyň we bir zatlar ýitirýärsiň. Ýeňiş gazananyňda begen. Ýeňlişiňe gynanma hem gyrylma. Hiç wagt yza dönme, geçmişi düzedip bolmaz. Ýöne men ýalňyşlaryň üsti bilen öwrenmäge çalyşýaryn.
20. Täze işe başlan telekeçilere berjek maslahatym: «Islendik şertnama baglaşanyňyzda tertip-düzgüni berjaý ediň. Kezzaplyk etmäň we ýeňşe ymtylyň.
21. Ýykylýançam, men saklanman.
22. Men durmuşda mümkin däl zadyň ýokdugyna pugta ynanýaryn.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......