Üstünlik gazanmak boýunça 8 maslahat

  • 13.08.2019 12:56
  • 9.5k+

1. Üstünlik gazanan adamlar göwünlerine ýaraýan işe jany-teni bilen ýapyşýarlar.

Üstünlik gazanan adamlaryň ählisi göwünlerine ýaraýan, ruhuny göterýän iş bilen meşgullanyp, jan aýaman zähmet çekýärler. Meşhur kinoýyldyzy Rassel Krou özüniň «Oskar» baýragyny almagynyň diňe bir sebäbiniň bardygyny aýdýar. Ol hem aktýoryň aýtmagyna görä: «Men kino düşmegi diýseň gowy görýärin. Bu meni ýaşamaga höweslendirýär. Men wakalary gürrüň bermegi gowy görýärin. Bu meniň ömrümiň manysy». Meşhur oýlap tapyjy Tomas Edison bir gezek şeýle diýipdir: «Men bütin ömrüme bir gün hem işlemedim. Men diňe işimden lezzet alyp geldim».

2. Üstünlik gazanan adamlar köp zähmet çekýärler.

Dürli biznes türgenleşdirijileriň hepdede 8 sagatlyk iş wagty barada aýdýan hekaýalaryny unudyň. Zähmetsöýerlik bu ajaýyp häsiýetdir. Üstünlik gazanmak üçin bolsa örän köp zähmet zerurdyr. Mysal üçin, meşhur tele alypbaryjy Opra Uinfri telestudiýa ir bilen sagat 5:30-da gelýändigini aýdýar: «Men eýýäm ir ertirden aýak üstünde. Uzakly gün studiýadan studiýa geçip, men hatda Gün şöhlesini hem görüp bilmän galýan wagtym bolýar. Eger-de siz üstünlik gazanmak isleseňiz, onda siz günde 16 sagat zähmet çekmeli bolarsyňyz».

3. Üstünlik gazanýan adamlar puluň yzyndan kowalaşmaýarlar.

Üstünlik gazanan meşhur adamlaryň aglabasy puluň yzyndan kowalaşman, bary-ýogy öz işlerini ýerine ýetiripdir. Mysal üçin, Bil Geýts şeýle belleýär: «Haçanda biz «Microsofty» oýlap tapanymyzda, biz pul gazanyp bileris diýip pikir hem etmeýärdik. Maglumat üpjünçiligini döretmek işiniň özi bize diýseň ýaraýardy. Bu zatlaryň ählisiniň ägirt uly korporasiýa öwrülip gitjekdigi hakynda hiç kim pikir hem etmeýärdi».

4. Üstünlik gazanan adamlar öz-özüne erk bilýär.

Menejmentiň «atasy» hasaplanýan Piter Drukeriň elmydama belleýşi ýaly, üstünligiň açary «öz-özüňe hereket etmäge erk etdirip bilmekde» diýip belläpdir. «Siziň gazanjak üstünligiňiz zehiniňize däl-de, siziň özüňize rahat zolakdan näderejede daşlaşyp biljekdigiňize baglydyr» - diýip Piter belleýär. Riçard Brenson bolsa bu jümläni özüçe şeýle aýdýar: «Men elmydama mümkinçiliklerimiň aňry çäginde işleýärin. Bu meniň tiz ösmegime mümkinçilik berýär».

5. Üstünlik gazanýan adamlar döredijilik pikirlenip bilýärler.

Hemmelere mälim bolan «önümler» ilki bilen pikirlerden peýda bolýarlar. Ted Terner täzelik habarlaryny telewideniýede uzakly gün görkezip boljakdygy hakyndaky pikiri ilkinji bolup öňe sürüpdir. Ol «CNN24» teleýaýlymyny işe girizipdir. Bu ýaýlym hepdede 7 gün 24 sagatlap täzelikleri habar berip durupdyr. Bu pikiri Ted Terneri multimilliarder we mediamagnat edipdir.

6. Üstünlik gazanýan adamlar çäkli wagt aralyklarynda işlemegi başarýarlar.

Öz işini söýýän adamlar şol işi bilen meşgul bolmak üçin az wagtyň galandygy üçin saklanyp durmaýarlar. Olar iň bolmanda birnäçe minut bolsa hem şol iş bilen meşgullanyp galjak bolýarlar. Mysal üçin, Joan Rouling «Harri Potter» eserini elinde kiçijik bäbejigi barka ýazypdyr. «Men çagajygmyy elimde aýlaýardyr. Uklap galdygy dessine golaýdaky kafe baryp, gyzym oýanmanka ýyldyrym tizliginde ýazyp başlaýardym».

7. Üstünlik gazanan adamlar anna gününi halamaýarlar.

Siz oýlanyp gördüňizmi, näme üçin köp sanly baý adamlar pensiýa çykmaýarlar? Muny dünýäde iň baý adamlaryň sanawynda durýan Uorren Baffet şeýle düşündirýär: «Men işlemegi diýseň gowy görýärin. Anna güni gelende mende begenç duýgusy bolmaýar. Men dynç günleri hem işlemek isleýärin». 

8. Üstünlik gazanýan adamlar elmydama kämilleşmäge tarap ymtylýarlar.

Üstünlik gazanan adamlar elmydama öz-özlerini we öz önümlerini kämilleşdirmek hakynda oýlanýarlar. Mysal üçin, meşhur oýlap tapyjy Tomas Edison şeýle diýipdir: «Men islendik predmet hakynda oýlanamda, şony nädip has kämilleşdirip boljakdygy hakynda oýlanýaryn». Şeýle hem onyň belleýşi ýaly, «Men juwanlyk ýyllarymda heniz 8 sagatlyk iş wagtynyň bolmandygyna diýseň begenýärin. Eger-de meniň durmuşym günde 8 sagatlyk iş wagtyndan ybarat bolan bolsady, men başlan işlerimiň aglabasyny tamamlap bilmezdim».

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......