Aşgabatda ilkinji Tapyndylar býurosy açyldy

  • 01.08.2019 06:43
  • 16k+

Gymmatbahaly ýa-da beýleki bir möhüm resminamaň ýiten wagty nireden gözlemeli we nirä ýüz tutmaly? Bu hili ýagdaýlar üçin ýakynda Aşgabatda «TIZ TAPAR» ilkinji merkezleşdirilen tapyndylar býurosy açyldy. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
Bu hususy kärhanasynyň esasy wezipesi — ýitirilen zatlaryň eýelerini tapmak. Býurony esaslandyryjy Ýazberdi Orazberdiýew onuň işiniň esasy ugurlary barada şeýle belleýär:
— Geçen gysga döwürde guramamyz ýiten zady we onuň eýesini gözlemek boýunça öz bazasyny işläp taýýarlady. Bu baza ýurduň tutuş çäginde ýitirilen we tapylan zatlar barada maglumatlar girizildi. Býuro ýüz tutan ýiten zadyň eýesine diňe edaramyzyň işgärlerinden şowly habara garaşaýmak galýar.
Her günde gurama ýüzden gowrak adam ýüz tutýar. Adamlar dürli ýerlerde dürli-dürli zatlary ýatdan çykarýarlar — resminamalary, bank kartlaryny, telefonlary, äýnekleri, açarlary, üstki geýimleri, elektrik tehnikalaryny. Adamlaryň ýakyn ýardamy bize bu zatlary tiz wagtda tapmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, ýakynda bir gyz taksi ulagynda sowgat alan gymmatbahaly bezeg şaý sepini galdyrypdyr. Ol bize ýüz tutdy. Birnäçe sagatdan biz ol gyzyň ýitiren zadyny tapyp berdik. Dogry, kähalatlarda gözlegler uzaga hem çekip bilýär. Ýöne biz hiç wagt hem umytdan düşmeýäris.
«TIZ TAPAR» býurosynyň işgärleri deduktiw hem induktiw gözleg usullaryndan peýdalanýarlar. Bir zady gözlemek örän kyn iş hem bolsa, ol iş şol bir wagtda örän mynasyp işdir. Köplenç ýagdaýda tapyndylar býurosyna adamlar resminamalaryny ýitirip ýüz tutýarlar. Munuň üçin edara jaň edip nämäni ýitirendigiň hem-de şol zady nirede we haçan soňky gezek görendigiň hakynda habar bermeli. Kähalatlarda şol ýiten zadyň eýýäm býuroda duran gezeklerine hem gabat gelmek boldy.
Tapyndylar býurosy «Parahat-7» ýaşaýyş jaýlar toplumynda ýerleşýär. Ýöne golaýda ony şäher merkezine — demir ýol menziline golaý göçürmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýurduň sebitlerinde hem edaranyň şahamçalaryny açmak boýunça we şu ugurdaky daşary ýurt edaralary bilen işi utgaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Eger-de siz birden bir zadyňyzy ýitiren bolsaňyz, onda şu telefon belgä ýüz tutuň: +993 61 37-24-38.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......