Haryt satyn alanyňyzda öňünden töleg geçiriji bolmaň

  • 09.06.2019 11:00
  • 9k+

Öňünden töleg geçiriji bolmaň!

Diýmek, bildiriş siziň göwnüňizden turdy. Maşyn barada has içgin bilmek üçin satyjy bilen habarlaşmagyň wagty geldi. Satyjy bilen gepleşigiň mümkin boldugyndan netijeli bolmagy üçin, biziň maslahatlarymyza eýeriň.

Gepleşigiň maksady

Ilkinji nobatda, siz awtoulag hakynda mümkin boldugyndan köp maglumat öwrenmeli. Bildirişde goýlan maglumatyň hakykylygyny, ony satýanyň bolsa, maşynyň hakyky eýesidigini anyklamaga çalşyň. Kähalatlarda maşyny satyn almakdan ýüz öwürmek üçin telefon arkaly habarlaşmak ýeterlik bolýar.

Girew

Ilkinji hem esasy kada: maşyny doly gözden geçirýänçäňiz, öňünden girew tölemäň. Hiç wagt. Teklip näçe özüne çekiji, satyjy bolsa, näçe dogruçyl hem dürs adam bolup görünse-de, muny etmäň.

Bu kezzapçylygyň shemasydyr: siz saýta girip, diýseň amatly bahadan bildirişe duşýarsyňyz. Telefonda satyjy maşynyny örän gyssagly satmaly bolýandygy, üstesine-de, ony sorap jaň edýänleriň köpdügini aýdyp, maşynyň alynjak bolup durandygyna sizi ynandyrar. Maşynyň baryp görmeli ýeri hökmünde bilkastlaýyn uzakda bir ýeri agzar. Bu siz gyssanmaç hereket eder ýaly edilýär. Meseläniň çözgüdi hökmünde kezzap satyjy size belli bir möçberdäki puly telefonyna ýa-da kartyna geçirmegi teklip eder. Şeýtseňiz, maşyny hut siziň üçin saklajakdygyny aýdar.

Elbetde, oňa ynanmak bolmaz, pul geçirmek-hä asla-da bolmaz. Bu baryp ýatan kezzaplykdyr. Bu ýagdaýda hiç hili awtoulag satyljak bolýan däldir, asla awtoulag bolman hem biler. Bildiriş bolsa galpdyr. Eger-de girew agzalsa, dessine telefony goýuň.

Biz saýtda şular ýaly bildirişleriň ýok edilmegine gözegçilik edýäris, emma bildirişleriň aşa köplügi zerarly olar duş gelip biler. Eger-de siz şular ýaly ýagdaýa gabat gelen bolsaňy, onda bildirişe nägilelik bildirmegiňizi haýyş edýäris. Siziň ýardamyňyz üçin minnetdardyrys.

Nähili soraglar bermeli?

Maşyn heniz hem satlykda durmy? Ilkinji nobatda, teklibiň heniz hem güýjündedigini anyklamaly. Eger-de awtoulag eýýäm satylan bolsa, siz bu barada saýtda habar edip bilersiňiz. Netijede şular ýaly ýagdaýlar gaýtalanmaz.

Maşynyň eýesi siziň özüňizmi? Satyjynyň maşynyň hakykatdan hem eýesidigini ýa-da şol awtomobili satmaga kanuny hukugynyň bardygyny anyklamak hökmanydyr. Eger-de satyjyda şeýle hukuk ýok bolsa, maşyny gözden geçirmäge gitmegiň peýdasy ýok.

Ýol-ulag hadysasyny başdan geçirdimi? Bu sowala dogruçyl jogaby seýrek alyp bolýar, aýratyn hem telefon arkaly gürrüňdeşlikde. Adatça her kim ýok diýip jogap berýär, reňklenen elementlerinden bolsa hemmeler diňe bamper diýip aýdar. Ýöne şonda-da soramak gerek. Iň bolmanda, satyjynyň reaksiýasyny bilmek ýa-da seýrek ýagdaýlarda dogry jogaby eşitmek üçin soramaly.

Maşyna nirede hyzmat-bejergi edildi? Kepil barmy? Resmi dilerde gözegçilik etdirmek, serwis kitapçasy we kepiliň bolmagy awtomobili satyn almakda oňat delil bolup biler.

Gyşky/tomusky rezinler barmy? Tekerleriň goşmaça komplekti hiç wagt hem artykmaçlyk etmez we geljekde size ep-eslije tygşytlamaga kömek eder.

Näme soramaly?

VIN-kod. Onuň kömegi bilen öýden çykman, oturan ýeriňden awtomobili baza boýunça barlap bolýar: bildirişler boýunça häsiýetnamalary deňeşdirip bolýar, maşynlaryň hasaba alnandygyny öwrenip bolýar, hiç hili çäklendirmeleriň ýokdugyny bilip bolýar.

Resminamalar. Hökmany suratda satyja ýany bilen ulag serişdesiniň pasportyny we öz pasportyny almagyny duýduryň. Bu resminamalaryň kömegi bilen siz awtomobili kimiň satýandygyna we onuň nähili taryhynyň bardygyna göz ýetirip bilersiňiz.

Suratlar. Eger-de awtomobil sizi hakykatdan hem gyzyklandyran bolsa, onda satyja has köpräk suratlary ibermegini sorap bilersiňiz, mysal üçin, ownuk ýetmezçilikleriniň ýa-da goşmaça enjamlarynyň suratlaryny. Şeýtmek bilen siz göwnüňizden turan awtomobiliň ýagdaýy we enjamlaşdyrylyşy barada ony baryp gözden geçirmezden has öň has köp zady bilip bilersiňiz.

Netije

Satyjy bilen gürrüňdeşlik — Bu awtomobil saýlamakda diňe ilkinji ädimdir. Gürrüňdeşlikde alan ähli maglumatlaryňyzy, iň gowusy, ýazyp almaly we baryp göreniňde deňeşdirip görmeli. Aýdylan zatlaryň ählisine seresaplylyk bilen çemeleşiň we gözden geçirmede ähli zady gaýtadan jikme-jik barlaň.

Mysal üçin, diňe bir eýesi bar we ýol-ulag hadysasyna sezewar bolmadyk awtomobil diňe haçan-da siziň özüňiz ulag serişdeleriniň pasportyny göreniňizde we maşyny doly gözden geçireniňizde şeýle diýip tassyklap bolar.

27.01.2026 21:02
11k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
11k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...

18.01.2026 15:07
3.2k+

“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär...

12.01.2026 17:01
4.7k+

IT NOKADY merkezinde IT-okuwlarynyň täze tapgyr açyldy: okuwlar 28-nji ýanwarda başlaýar

«IT NOKADY» okuw merkezi ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän IT-ugurlary boýunça täze okuw tapgyryny yglan edýär. Okuwlara 28-nji ýanwarda başlamak meýilleşdirilýär. Frontend programmirleme okuwlary Frontend programmirleme kursy döwrebap, ulanmaga amatly we wizual taýdan özüne çekiji web-interfeýsleri döretmegi öwretmäge gönükdirilendir...