GDA döwletleriniň saglygy goraýyş ulgamlary bir düzüme birikdiriler

  • 24.05.2019 05:45
  • 1k+

GDA döwletleriniň täze düzümi Arkalaşyga gatnaşýan döwletleriň Saglygy goraýyş ministrliklerini birleşdirer. Sputnik agentliginiň habar bermegine görä, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler boýunça komissiýa GDA gatnaşyjy döwletleriň binýatlyk saglygy goraýyş guramasyny döretmegi maslahatlaşdy. Şular ýaly düzüm ýakynda «Saglygy goraýşy guramagyň we maglumatlaşdyrmagyň merkezi ylmy-barlag institutynyň» (Russiýa) binýadynda dörediler.
Bu edaranyň ykdysady meseleleri boýunça direktorynyň orunbasary Farit Kadyrowyň bellemegine görä, saglygy goraýyş ulgamlaryny bitewileşdirmek ýörelgeleri dünýä tejribesinde duş gelýär.
— Bazar gatnaşyklaryna ýöriteleşen döwletler durmuş taýdan goramak syýasatyny alyp barýarlar. Aýdaly, hususy saglygy goraýyş ulgamy ösdürilen ABŞ mugt berilýän ýardamyň möçberini artdyrýar. We tersine, mugt kömek bermeklige ýöriteleşen GDA, Beýik Britaniýa saglygy goraýyş ulgamlarynyň üsti bilen bazar mehanizmlerini ornaşdyrýar. Bu ýagdaýda saglygy goraýşy guramak bilen bagly meseleler bilen hemmelerden üzňe meşgullanmak mümkin däl – diýip Kadyrow belledi.
Ol şeýle hem saglygy goraýşy guramakda köp sanly meseleleriň — tiz üýtgeýän tehnologiýalar, demofgrafiki ýagdaýyň üýtgemegi, migrasiýa bilen baglydygyny belläp, olaryň statistiki, demografiki, guramaçylyk işlerinde toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär.
— Häzirki wagtda ykdysadyýetiň sanlaşdyrymlagy, şol sanda sanly lukmançylyk örän wajypdyr. Biziň institutymyzyň Russiýa Federasiýasynda wajyp düzümleriň biridigini nazara alyp, saglygy goraýşy maglumatlaşdyrmakda biziň tejribämiz, gabatlaşan säwliklerimiz we meselelerimiz GDA gatnaşyjy döwletler üçin gyzyklanma döredip biler – diýip Kadyrow belledi.
Sözüniň ahyrynda ol binýatlyk jemgyýetçilik saglygyny goraýşy we maglumatlaşdyrmagy gurnamak hakynda düzgünnamanyň taslamasyna goşmaçalaryň girizilýändigini, şeýle hem GDA döwletleriniň arasynda bu ylalaşyk boýunça işler alnyp barylýandygyny belledi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda dünýä belleki önüm öndürijileriň iň kämil enjamlary oturdylan köp sanly saglygy goraýyş edaralary işe girizildi.
Türkmen lukmanlary Ýewropanyň, esasan hem, Germaniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde we lukmançylyk merkezlerinde hünär derejesini ýokarlandyrýarlar. Bilermenleriň pikirine görä, GDA-nyň çäklerinde lukmançylyk ulgamynda bu ägirt uly utgaşdyrylan taslamanyň işe girizilmeginiň Arkalaşygyň lukmançylyk düzümlerinde berilýän hyzmatlaryň hil derejesini ýokarlandyrjakdygyny belleýärler.

09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....