«Hamad» we «Qatar Airways» — dünýäniň iň gowy howa menzili we awiakompaniýasy

  • 13.05.2019 08:35
  • 3k+

«AirHelp» kompaniýasy dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň we awiakompaniýalarynyň reýtingini düzdi. 134 sany howa menzili uçuş tertibiniň berjaý edilişi, hyzmatyň hili we restoranlaryň we söwda dükanlarynyň barlygy boýunça bahalandyryldy, diýip Lenta.ru saýty habar berýär.
Iň gowy howa menzili hökmünde Katardaky «Hamad» aeroporty ykrar edildi. Ikinji ýerde Tokionyň howa menzili, üçünji ýerde bolsa, Afinanyň howa menzili durýar.
Reýtingiň onlugyna şeýle hem Afonsu Pena (Braziliýa), Lýoh Walens adyndaky Gdansk aeroporty (Polşa), Şeremetýewo (Russiýa), Çangi (Singapur), Radjiw Gandi adyndaky halkara aeroport (Hindistan), Tenerif Norte adyndaky aeroport (Ispaniýa) we Wirakopus (Braziliýa) howa menzilleri girdi.
Awiakompaniýalara bolsa, uçuş tertibiniň berjaý edilişi, uçuşyň hili we bileti tiz wagtda yzyna gaýtaryp bilmek mümkinçiligi boýunça baha berildi. Reýtingde 1-nji ýeri «Qatar Airways» kompaniýasy, onuň yzyndan bolsa, «American Airlines» we «Aeromexico» kompaniýalary durýar. Sanawyň dowamynda «SAS Scandinavian Airlines», «Qantas», «LATAM Airlines», «WestJet», «Luxair», «Austrian Airlines» we «Emirates» awiakompaniýalary iň gowular hökmünde ykrar edildi.

düýn 18:39
2.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....