Türkmenistanda 3-nji nesil antibiotikler diňe lukmanyň resepti boýunça berler

  • 12.05.2019 05:52
  • 3.5k+

2019-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Türkmenistanda 3-nji nesliň antibiotikleri diňe lukmanyň resepti boýunça berler. Bu adamlaryň öz-özüni bejermäge synanyşmagynyň netijesinde saglygyna ýetirip biljek zyýanynyň öňüni almak maksady bilen edilýär. Bu barada Turkmenportal saýty Aşgabadyň 15-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Aýjemal Ballyýewanyň CentralAsia.news saýtyna beren interwýusyna salgylanyp habar berýär.
Maşgala lukmanynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda № 127 belgili buýruk çykardy. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi  ýanyndaky derman serişdelerini hasaba alýan we olaryň hilini barlaýan döwlet merkezi tarapyndan rugsat berlen we hasaba alnan 3-nji nesil sefalosporinlere degişli bolan antibiotikleriň ähli görnüşlerini 1-nji iýuldan başlap dermanhanalardan diňe lukmanyň resepti boýunça alyp bolar. Sefalosporinler — antimikrob serişdeleriniň has giň ýaýran görnüşleriniň biridir.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýrugyna — sefotaksim, seftriakson, sefoperazon, seftazidim, sefiksim we seftibuten ýaly derman serişdeleri degişlidir.
Hünärmeniň bellemegine görä, köp sanly ýaşaýjylar öz-özüni bejermäge endik edip, öz organizmini howp astynda goýýarlar. Kähalatlarda bolsa bu howp saglyk üçin düzedip bolmajak zeper ýetirip bilýär. Öý derman gutularynda beýleki derman serişdeleri bilen birlikde antibiotikler hem örän ýörgünlidir. Bedende agyry peýda bolanda, derman kabul etmezden öň lukmana ýüz tutmaly, keseli anyklamaly we diňe lukman tarapyndan bellenen dermanlary kabul etmeli. 
Antibiotikleri reseptsiz goýbermegi gadagan eden ýeke-täk döwlet däldir. Şular ýaly düzgünler Russiýada, Gazagystanda, Ukrainada hem-de Ýewropanyň ençeme döwletlerinde hereket edýär.

09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....