«Türkmenhowaýollary» tomusda Aşgabatdan Ýewropa uçuşlary gaýtadan ýola goýar

  • 03.05.2019 12:41
  • 3.7k+

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabatdan Birmingeme, Londona we Maýn boýundaky Frankfurta göni uçuşlar 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyndan gaýtadan ýola goýlar. Bu barada Turkmenportal «Türkmenhowaýollarynyň» resmi saýtyna salgylanyp habar berýär. Bu uçuşlar hakynda maglumatlar «Türkmenhowaýollarynyň» resmi saýtynda (turkmenistanairlines.tm) uçuşlaryň ugrunyň we rejesisiniň täzelenen tertibinde berilýär.
Ýatlap geçsek, türkmen uçarlarynyň Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine uçuşlarynyň togtadylmagyna howa gämilerini ulanmaklygyň talaplaryny we standartlaryny kesgitleýän amerikan we ýewropa ulgamlaryndaky çaprazlyk sebäp bolupdy. Awiahowpsuzlyk boýunça Ýewropa agentligi 2019-njy ýylyň 4-nji fewralyndan başlap Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna uçuşa rugsady ýatyranyndan soňra, 2019-njy ýylyň gyşynda «Türkmenhowaýollary» wagtlaýynça Ýewropa şäherlerine uçuşlaryny saklady.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň awiaparky «Boeing» kompaniýasynyň dünýäde özüne tanadan nusgalarynyň birnäçesi bilen dolduryldy. Netijede, 2013-nji ýylda «Boeing-737-800» kysymly howa gämisiniň 3-si, 2014-nji ýylda «Boeing-777-200LR» kysymly howa gämisiniň 2-si, 2015-nji ýylda bolsa «Boeing-737-800» kysymly howa gämisiniň ýene-de 3-si satyn alyndy. 2016-2018-nji ýyllarda hem bu kysymly uçarlaryň birnäçesi satyn alyndy. Mundan başga-da, içerki howa gatnawlarynda ulanmak maksady bilen sygymlylygy 50 we 100 ýolagça niýetlenen howa gämilerini satyn almagyň mümkinçilikleri öwrenilýär.

düýn 18:39
2.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....