Islam Mahaçew UFC-niň titulyna eýe bolandan soň $1 mln gazanar

  • 25.10.2022 10:50
  • 30k+

Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew Abu-Dabide geçirilen UFC 280 turnirinde braziliýaly Çarlz Oliweýra garşy söweşe gatnaşandygy üçin 1 mln dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, Totalsportal habar berýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

Bu mukdara söweşe gatnaşandygy üçin kepillendirilen gonorar, ýeňiş üçin bonus, ýaýlymdan gelýän girdejilerden paý, hemaýatkärlik pullary girer.
Söweş 22-nji oktýabrda geçirilip, Mahaçewiň ikinji raundda ýeňiş gazanmagy we ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyna eýe bolmagy bilen tamamlandy.
Şol bir wagtyň özünde, Oliweýranyň Mahaçewe garşy söweşe gatnaşandygy üçin gazanan umumy girdejisi, takmynan, 1,3 mln dollar boldy.


21.08.2025 16:34
12k+

UFC-niň täze çempiony Hamzat Çimaýew dünýäniň iň gowy söweşijileriniň bäşligine girdi

Orta agramda UFC-niň çempiony Hamzat Çimaýew täzelenen Pound4Pound (P4P) reýtinginde dördünji orny eýeledi. BAE-den ýeňilmedik söweşiji UFC 319 ýaryşynda geçirilen titul söweşinde GAR-yň wekili Drikus dýu Plessiden üstün çykandan soň birbada 10 orun ýokary galdy...

17.08.2025 13:33
20k+

Täze çempion! Hamzat Çimaýew Dýu Plessiden üstün çykyp, orta agramda çempion guşagyny aldy

16-njy awgustdan 17-nji awgusta geçilen gije (Aşgabat wagty bilen irden) Çikagodaky United Center arenasynda UFC 319 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy günorta afrikaly Drikus dýu Plessi bilen BAE-niň wekili Hamzat Çimaýewiň arasynda orta agramda titul söweşi boldy...

16.08.2025 16:21
15k+

“Men ony ýatyraryn”, “Oň bir güni galdy”: ertir Çimaýew – Dýu Plessi söweşi geçiriler

17-nji awgustda Çikagoda (Illinoýs ştaty, ABŞ) UFC 319 ýaryşy geçiriler. Orta agramda çempion guşagy üçin agşamyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýew bilen Drikus dýu Plessi duşuşar. Çimaýew BAE-niň baýdagy bilen çykyş edýär...

14.08.2025 14:01
21k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň tituly ugrunda Kori Anderson bilen Dubaýda rewanş geçirer

Garyşyk söweş stiliniň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Andersona garşy rewanş almak mümkinçiligini gazandy. Ýarym agyr agramda PFL-iň çempionlyk guşagy üçin tutluşyk 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda  Dubaýda geçiriler, diýip promouşeniň resmi saýtynda habar berilýär...