Kurtua iň gowy derwezeban hökmünde Lew Ýaşin baýragyna mynasyp boldy

  • 18.10.2022 17:04
  • 8.3k+

Madridiň “Realynyň” we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Tibo Kurtua “France Football” žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy derwezebanyna berilýän Lew Ýaşin adyndaky baýraga mynasyp boldy.

Geçen möwsüm Kurtua “Realyň” düzüminde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, Ispaniýanyň çempionatynda we Super kubogynda ýeňiş gazandy.
Lew Ýaşin adyndaky baýrak 2019-njy ýylda esaslandyryldy. Onuň öňki eýeleri Alisson (Braziliýa, 2019) we Janluiji Donnarummadyr (Italiýa, 2021).
Ýaşin – 1956-njy ýylda Olimpiýa çempiony we 1960-njy ýylda Ýewropa çempiony, FIFA-nyň wersiýasy boýunça XX asyryň iň gowy derwezebany, derwezebanlaryň arasynda “Altyn topuň” ýeke-täk eýesi (1963-nji ýyl).


düýn 23:43
716

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:16
1.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.4k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

17.04.2026 15:01
5.4k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....