“Realyň” oýunçysy Karim Benzema “Altyn topuň” eýesi boldy

  • 18.10.2022 06:59
  • 24k+

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Karim Benzema 2021/2022-möwsüminiň iň gowy futbolçysy hökmünde France Football-yň “Altyn topuna” eýe boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Pariždäki “Şatle” teatrynda geçirildi. 34 ýaşly Benzema “Altyn topuň” ilkinji gezek eýesi boldy. 2021-nji ýylda bu baýragy karýerasynda ýedinji gezek “Pari Sen-Žermeniň” we Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi aldy.

Benzema geçen möwsüm “Real” üçin 46 oýna gatnaşyp, 44 gol geçirdi we 15 netijeli geçirim etdi. Madridliler bilen bilelikde Ispaniýanyň çempionatynda we Super kubogynda, şeýle-de Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp, ähli ýaryşlarda iň gowy bombardir boldy. Ol Çempionlar ligasynyň iň gowy oýunçysy boldy (15 gol, olardan 10-usy pleýý-offda), awgust aýynda bolsa Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň wersiýasy boýunça, 2021/22-möwsüminiň iň gowy oýunçysy hökmünde baýraga mynasyp boldy.

Iň gowy oýunçylaryň dörtlügine geçen möwsüm “Liwerpulda” oýnan, häzir “Bawariýada” çykyş edýän senegally Sadio Mane, “Mançester Sitiden” belgiýaly Kewin de Brýoýne, tomusda “Bawariýadan” “Barselona” geçen polşaly Robert Lewandowskiý hem girdi.

Lewandowskiý geçen möwsümiň iň gowy goleadory üçin baýraga – Gerd Mýuller kubogyna eýe boldy. Angliýanyň “Mançester Siti” kluby iň gowy klub diýlip yglan edildi.


düýn 23:43
716

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:16
1.5k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.4k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

17.04.2026 15:01
5.4k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....