Ronaldo karýerasyndaky iň gowy futbolçynyň adyny aýtdy

  • 17.10.2022 15:36
  • 34k+
Ronaldo karýerasyndaky iň gowy futbolçynyň adyny aýtdy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň meşhur futbolçysy Ronaldo bile oýnan iň gowy oýunçysynyň adyny aýtdy. Onuň sözlerini DAZN getirýär diýip, gazeta.ru belleýär.

“Zinedin Zidan – iň gowy dost, ýöne şeýle-de ol karýeramda bile oýnan iň gowy futbolçy” – diýip, Ronaldo belledi.

Ronaldo 1994-nji we 2002-nji ýyllarda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek dünýä çempionydyr. Şeýle-de, ol Amerikanyň kubogynyň iki gezek eýesi, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş we bürünç baýrakçysy. Ol karýerasynyň dowamynda Madridiň “Realynda”, “Barselonada”, “Milanda” we “Interde”, şeýle-de Gollandiýanyň “PSW” toparynda we “Korintiansda” çykyş etdi. Häzirki wagtda ol “Real Walýadolidiň” prezident wezipesini eýeleýär. Ol klub derejesinde UEFA-nyň Kubogynyň eýesi boldy we UEFA kuboklarynyň eýeleriniň kubogyny aldy.


15.09.2024 14:39
11k+

“Al-Nasr” Ronalduwa karýerasyndaky 900 goly mynasybetli GOAT ýazgyly köýnekçe sowgat etdi

Saud Arabystanynyň çempionatynyň üçünji tapgyrynyň “Al-Ahli” bilen oýny (1:1) başlamazdan öň “Al-Nasr” futbol kluby hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa 900 belgili we GOAT (Greatest of all time – “taryhda iň beýik”)...

13.09.2024 14:27
9.9k+

Ronaldu sosial platformalarda 1 mlrd muşdak toplan ilkinji adam boldy

Portugaliýaly futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldu diňe bir oýun meýdançasynda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşynda hem rekord goýmagy dowam edýär. Şu gün, 12-nji sentýabrda, Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" futbol klubunyň...

13.09.2024 09:39
3.3k+

“Arsenal” baş tälimçi Arteta bilen şertnamany uzaltdy

Ispaniýaly tälimçi Mikel Arteta “Arsenal” bilen şertnamany uzaltdy. Taraplaryň täze şertnamasy 2027-nji ýyla çenli hereket edýär. Bu barada London klubunyň resmi saýty habar berýär. Ýatlap geçsek, ispaniýaly hünärmen...

12.09.2024 13:33
9.9k+

Toni Kroos Madridde öz ady bilen täze futbol klubuny açar

“Realyň” we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýarymgoragçysy Toni Kroos Madridde çagalar üçin täze futbol klubuny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Marca” ispan neşiri habar berdi. Maglumatlara görä, klub “Toni...