Google-a Samsung ýaly smartfon satmak üçin 60 ýyl gerek bolar

  • 09.10.2022 11:12
  • 17k+

Şeýle gyzykly derňewi IDC analitiki portal geçirdi. Hünärmenler Google-iň Samsung-dan has az smartfon satýandygyny anykladylar. Bu tapawudy ýüze çykarmak üçin, olar ýyllarda satylan smartfonlary hasaplamaga girişdiler.

IDC-niň maglumatlaryna görä, 2016-njy ýylda ilkinji Pixel-iň relizinden bäri Google 27,6 mln gurluş satdy. Deňeşdirmek üçin, Samsung 2021-nji ýylda 270 mln smartfon satdy. Ýagny, alty ýylyň içinde Google Samsung-yň bir ýylda satanyndan hem on esse az smartfon satdy. Ýönekeý matematika Google kompaniýasyna Samsung-yň bir ýyldaky satuw möçberine ýetmegi üçin 60 ýyl gerek boljakdygyny görkezýär.

Sanlaryň Pixel smartfonlarynyň satuwynyň gowşakdygyny görkezýändigine garamazdan, Google muňa aýratyn ähmiýet bermeýär. Kompaniýa Pixel taslamasyny ýapmaýar-da, tersine, özüniň smartfon bölümçesini ösdürmäge çalyşýar.


07.12.2025 12:14
2.7k+

2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň infografikasy: IT ägirtleri öňde

2025-nji ýylda dünýäde iň uly girdejileri häzirem tehnologiýa, maliýe we energetika pudaklarynyň kompaniýalary gazanmagyny dowam etdirýär. Dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň reýtinginiň ýokary orunlaryny Alphabet, Apple we Microsoft tehnologiýa korporasiýalary eýeledi...

05.12.2025 11:31
5.5k+

Samsung 20 ýyl bäri telewizor bazarynda öňde barýar, ýöne TCL, Hisense we Xiaomi hem tijenýär

Samsung Electronics, hytaýly bäsdeşleriniň artýan basyşyna garamazdan, yzygiderli 20 ýyl bäri iň iri telewizor öndüriji bolmagynda galýar. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde iberiş mukdary we teleýaýlym bazaryndaky girdeji paýy boýunça birinji orny eýeledi, ol girdeji bir ýyl öňki 28,6%-den ýokarlanyp, 29,0% -e ýetdi...

29.11.2025 21:14
4.4k+

Apple 14 ýylda ilkinji gezek smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçer

Apple şu ýyl 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýyllyk smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçip biler. Bu barada Counterpoint Research kompaniýasynyň çaklamasyna salgylanyp, CNBC habar berýär. Analitikler şeýle ösüşi iPhone 17 hatarynyň üstünlikli bolmagy we pandemiýadan soň smartfonlaryň işjeň ýagdaýda täzelenmegi bilen baglanyşdyrýar...

27.11.2025 23:20
6.4k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi

Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi...