2022-nji ýylda dünýäde elektromobil satuwy rekord derejä ýetip biler

  • 27.09.2022 15:11
  • 8.9k+

Şu ýyl elektromobil satuwy rekord derejä ýetip biler diýip, Halkara energetika agentligi (HEA) çaklaýar. Şonuň bilen birlikde, ol 2050-nji ýyla çenli zyňyndylaryň nol derejesini gazanmak boýunça maksatlara ýetmek üçin beýleki pudaklarda-da has işjeň çäreleri görmegiň zerurdygyny belleýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

HEA-nyň ýyllyk “Tracking Clean Energy Progress (TCEP)” hasabatynda 2021-nji ýylda global elektromobil satuwynyň iki esse ýokarlanandygy we munuň tutuş awtomobil bazarynyň, takmynan, 9%-ine barabardygy aýdylýar. 2022-nji ýylda bolsa satuwyň ýeňil awtomobilleriň umumy satuwynyň 13%-ini eýeläp, rekord derejä ýetmegine garaşylýar.
Öň, HEA 2021-nji ýylda elektromobil satuwynyň 6,6 milliona ýetendigini habar berdi. 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde görkeziji 2021-nji ýylyň ilkinji üç aýy bilen deňeşdirilende 75% ýokarlanyp, 2 milliona barabar boldy.
HEA-nyň maglumatlaryna görä, elektromobil öndürijileriniň 2050-nji ýyla çenli zyňyndylaryň nol derejesini gazanmak boýunça meýilnamanyň çäklerinde 2030-njy ýyl üçin öňde goýlan maksatlara ýetmäge ähli mümkinçilikleri bar.
Şol bir wagtyň özünde agentlik elektromobil satuwy bilen bagly ýagdaýyň heniz “global hadysa” däldigini belleýär.

“Ösüp barýan ýurtlarda satuw satyn alşyň bahasynyň ýokarlanmagy we elektromobillere zarýad bermek üçin infrastrukturanyň ýetmezçilik etmegi bilen baglylykda has ýuwaş depginler bilen alnyp barylýar” – diýip, agentlik belleýär.


15.12.2025 07:45
3.6k+

ÝB içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwyna gadaganlygy 2040-njy ýyla çenli yza süýşürýär

Ýewropa Bileleşigi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze ulaglary satmaklyga goýlan gadaganlygy yza süýşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada "The Times" gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ÝB-ne agza 27 döwlet tarapyndan 2023-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň ilkibaşda 2035-nji ýylda güýje girmegi meýilleşdirilipdi...

05.12.2025 11:42
4k+

BYD batareýadaky kemçiligi sebäpli 90 müň töweregi gibridlerini yzyna gaýtarýar

Hytaýyň BYD awtoulag konserni programma üpjünçiligini täzelemek üçin Hytaýda 90 000 töweregi gibrid ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Bu kompaniýanyň soňky iki aýyň dowamyndaky ikinji gezek yzyna çagyryşydyr...

28.11.2025 11:16
2.6k+

Xiaomi elektromobillerine howply ýagdaýlarda päsgelçiliklerden aýlanyp geçmegi öwretdi

Xiaomi hytaý kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna adaty tormoz tutma ýeterlik bolmadyk ýagdaýda ulagyň päsgelçiliklerden awtomatiki usulda aýlanyp geçmegine mümkinçilik berýän funksiýany goşdy. Öň ýokary tizlikde şeýle hereketi etmeklik hemme awtomatlaşdyrylan ulgamlara ynanylyp durlanokdy, ýöne Xiaomi bu çözgüdi seriýalaýyn çykarylýan awtoulaglara ornaşdyrmagy hödürlän ilkinji kompaniýalaryň biri boldy...

08.11.2025 17:02
7.4k+

Xiaomi-niň prezidenti Germaniýanyň awtobanlarynda SU7 Ultra-ny özi synagdan geçirdi

Xiaomi Group-yň prezidenti Lu Weýbing Germaniýada Xiaomi SU7 Ultra flagman elektromobiliniň iki günlük synagyny geçirdi. Ol Berlin-Gamburg we Gamburg-Frankfurt ugurlary boýunça, takmynan, 800 km geçdi. Kompaniýa 2027-nji ýylda Ýewropanyň elektromobil bazaryna çykmaga taýýarlanýar...