Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar

  • 23.09.2022 11:26
  • 13k+

Xiaomi kompaniýasy täze Civi 2 smartfonynyň çykjak senesini mälim etdi – ol 27-nji sentýabrda hödürlener. Bu barada IT Home portaly habar berýär. Bu gurluş Hello Kitty brendi bilen hyzmatdaşlykda çykarylar we baha berip bilýän adamlar üçin toplumda meşhur gahrymanyň şekili bilen gajetiň ýörite wersiýasy çykarylar. Bu barada gazeta.ru salgylanyp, Day.Az habar belleýär.

Täze modeliň esasy aýratynlygy “kiçijik ak köýnek” reňkinde arka tarapdaky panel bolar. Ol eşikdäki ýygyrtlary ýada salýan tekstura eýe bolar. Öndüriji arka tarapyň materialynyň elläniňde ýyly boljak “ýumşak aýna” boljakdygyny nygtaýar.
Xiaomi Civi 2 Qualcomm Snapdragon 7 Gen 1 çibi, şeýle-de ýygylygy 120 Gs bolan Full HD+ ekrany bilen üpjün ediler. Kamera üç sensora eýe bolar, esasy kamera – 50 Mp. Iki modul umumy halkanyň aşagynda gizlener, üçünjisi bolsa göni olaryň aşagynda ýerleşer.
Smartfonyň beýleki tehniki aýratynlyklary heniz gizlin saklanýar. Gurluşyň bahasy-da belli däl.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
3k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...