Aşgabatda Pakistanyň silden ejir çeken halky üçin serişde toplamak boýunça haýyr-sahawat çäresi geçiriler

  • 22.09.2022 16:11
  • 19k+

Aşgabatda Pakistanyň silden ejir çeken halkyna ýardam bermek üçin serişde toplamak boýunça haýyr-sahawat çäresi guralar. Aşgabadyň zenanlar topary, Aşgabatdaky Halkara mekdep we Pakistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralýan «Pakistany goldalyň. Sil» atly haýyr-sahawat çäresi 25-nji sentýabrda geçiriler. Bu barada ORIENT agentligi habar berdi.

Sil zerarly Pakistana ýardam bermek boýunça Gazna üçin haýyr-sahawat serişdelerini toplamak çäresi ýekşenbe güni, 25-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde, Berzeňňide — Atatürk köçesiniň ugrundaky Halkara mekdebiň çäginde 12;00-dan 17:00 aralygynda geçiriler.
Myhmanlara pakistan aşhanasynyň datly tagamlary, saz we güýmenjeler garaşýar. Giriş – 10 manat. Toplanan serişdeler siliň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak üçin pakistan halkyna ýetiriler.
Belläp geçsek, Türkmenistan Pakistanda bolup geçen tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, ilkinjileriň hatarynda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi.


şu gün 00:03
669

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....