Aşgabada täze taksi awtoulaglarynyň 150-si getirildi

Aşgabada täze taksi awtoulaglarynyň 150-si getirildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan​ “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi.

Ýolagçylar üçin ýokary howpsuzlyk derejesini hem-de amatly şertleri üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýeňil awtoulag taksilerinde bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek üçin elektron planşetler göz öňünde tutulandyr.
Awtoulaglarda GPS ulgamynyň abzallary oturdylyp, munuň özi awtoulag serişdesiniň islendik wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, sürüji tarapyndan tizlik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.​ ​
Täze ýeňil taksi awtoulaglary dünýä ülňülerine laýyk gelýän howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologik talaplara doly laýyk gelýär.