ООН рассмотрит предложение о введении глобальных налогов на выбросы СО2 и на авиаперелёты

  • 21.09.2022 14:16
  • 5k+

Dünýäniň klimat üýtgemeleriniň has howp salýan ýurtlary daşky gurşawyň hapalanmagy üçin alynjak birnäçe global salgytlary teklip etmäge taýýarlanýar. Bu barada ygtyýaryndaky resminama salgylanyp, “The Guardian” ýazýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

Teklipler şu hepde BMG-niň Baş Assambleýasyna maslahatlaşmak üçin gelip gowuşmaly. Klimatyň üýtgemeginiň netijeleriniň öňünde has gowşak bolan ösüp barýan ýurtlary täze salgyt girdejilerinden maliýeleşdirmek meýilleşdirilýär. Olar ýüze çykmagyna ösen ykdysadyýetler tarapyndan goşant goşulýan tebigy betbagtçylyklardan soň dikeldişler üçin sarp ediler.
Serişdeler kömürturşy gazynyň zyňyndylaryna, howa gatnawlaryna, gämi hereketlendirijileri üçin ýangyja global salgytlaryň, şeýle-de gazylyp alynýan ýangyja we maliýe tranzaksiýalaryna salgytlaryň hasabyna toplanar. “The Guardian” tarapyndan öwrenilen resminamada salgytlaryň her bir görnüşiniň artykmaçlyklary we kemçilikleri, şeýle-de Bütindünýä bankynyň we Halkara pul gaznasynyň üsti bilen baý döwletlerden ösüp barýan ýurtlara zerur serişdeleri bermek, şeýle-de hususy pudakdan serişdeleri ýygnamak ýaly bu salgytlara alternatiwalar görkezilýär.
Neşir ýangyjyň we azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanýan şertlerinde baý ýurtlaryň bu teklipler bilen ylalaşjakdygyna şübhe bildirýär.
BMG-niň indiki klimat sammiti noýabr aýynda Müsürde geçirilmeli. Ol ýerde klimat üýtgemeleri sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan ýitgileri üçin ösüp barýan ýurtlara kompensasiýa meselesiniň ara alnyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.


05.06.2026 18:04
5.5k+

Кыргызстан впервые избран непостоянным членом Совбеза ООН

Кыргызстан впервые в своей истории избран непостоянным членом Совета Безопасности ООН на период 2027–2028 годов. Об этом сообщили в новостном портале Организации....

22.05.2026 14:19
2k+

В ООН спрогнозировали рост инфляции и замедление мировой экономики

ООН прогнозирует замедление роста мировой экономики в 2026 году на фоне геополитических потрясений, роста инфляции и усиления глобальной неопределенности....

30.04.2026 17:05
2.7k+

В Ашхабаде обсудили подготовку к 4-й Душанбинской конференции по водному Десятилетию действий

В столице Туркменистана состоялся брифинг, посвященный подготовке к Четвертой Международной конференции высокого уровня в рамках Международного десятилетия действий «Вода для устойчивого развития, 2018–2028......

27.04.2026 02:06
4.3k+

Постпред Туркменистана при ООН вручил Гутерришу верительные грамоты

20 апреля вновь назначенный постоянный представитель Туркменистана в ООН Вепа Хаджиев передал верительные грамоты генеральному секретарю организации Антониу Гутерришу. Об этом сообщает МИД Туркменистана....