Serdar Berdimuhamedow: “Aşgabady baýramçylyk keşbinde bezemek zerurdyr”

  • 19.09.2022 13:28
  • 11k+

Aşgabatda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini giňden baýram etmäge görülýän taýýarlygyň çäklerinde paýtagtyň bezeglerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada 17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna hem-de Dabaraly maslahaty geçirmäge göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany öňde boljak dabaralaryň umumymilli ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belledi hem-de wise-premýere baş şäherimizi baýramçylyk görnüşinde bezemek, ähli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada anyk tabşyryklary berdi.


düýn 09:01
3k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

03.05.2026 16:04
1.5k+

Weli Muhadowyň döredijilik mirasy ylmy-amaly maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi....

02.05.2026 14:08
11k+

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

5-nji maýda Aşgabatda kärhanalar, guramalar, edaralar, hususy telekeçiler we şäheriň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär....

02.05.2026 13:59
2.6k+

TÜRKSOÝ-yň opera konserti, Ýeňiş güni mynasybetli sergi we Aşgabadyň teatr premýeralary

2-nji we 3-nji maýda Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sungatynyň ussatlarynyň gala-konsertleri geçiriler. Sahnada Azerbaýjandan,......