Samarkant sammitiniň netijeleri boýunça 44 sany resminama gol çekildi

Samarkant sammitiniň netijeleri boýunça 44 sany resminama gol çekildi

16-njy sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisiniň netijeleri boýunça 44 sany resminama gol çekildi.

Resminamalaryň käbiri şulardan ybarat:

  • ŞHG agza-döwletleriň uzakmöhletleýin hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça 2023-2027-nji ýyllar üçin Hereketleriniň toplumlaýyn meýilnamasy hakynda;
  • Netijeli ulag geçelgelerini döretmek we özara baglanyşyklylygy ösdürmek boýunça ŞHG agza-döwletleriň Konsepsiýasy hakynda;
  • «ŞHG-niň hoş meýilli ilçisi» hormatly adyny hakynda Düzgünnama hakynda;
  • ŞHG agza-döwletleriň özara hasaplaşyklarynda milli walýutalaryň paýyny barha artdyrmak boýunça «Ýol kartasy» hakynda;
  • ŞHG agza döwletiň derejesini almak maksady bilen Eýranyň borçnamalary hakynda Ähtnama gol çekmek hakynda;
  • Belarus döwletini ŞHG agzalyga kabul etmek prosesini başlamak hakynda;
  • Maldiw adalaryna, Bahreýne, Birleşen Arap Emirliklerine, Mýanma, Kuweýt döwletine ŞHG dialogy boýunça hyzmatdaş derejesini bermek hakynda;
  • Waranasi (Hindistan) şäherini ŞHG-niň 2022-2023-nji ýyllarda syýahatçylyk we medeni paýtagty diýip yglan etmek hakynda we beýlekiler.

Öň habar berşimiz ýaly, Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň Samarkant sammitinde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.