Analitikler iň köp millioneri bolan şäherleri atlandyrdylar

  • 16.09.2022 20:40
  • 18k+

Henley & Partners Group konsalting kompaniýasynyň hasabatyna görä, Nýu-Ýorkda, Tokioda we San-Fransisko aýlag sebitinde has köp millioner ýaşaýar. Gözleg kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Reýtinge dünýäniň dürli ýurtlaryndan 20 şäher girdi diýip, incrussia.ru habar berýär.

Reýtingi düzüjiler millioner diýip aktiwleri 1 mln dollar ýa-da ondan köp bolanlary atlandyrýarlar. Ilkinji onlukdaky şäherleriň ýarysy ABŞ-da ýerleşýär. Olardan başga-da, ilkinji onluga London, Singapur we Hytaýyň iki şäheri – Pekin we Şanhaý girdi. Şol bir wagtyň özünde, London, Pekin, Şanhaý we Nýu-Ýork şu ýyl millionerleriň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Birinji ýarymýyllykda görkezijileriň peselmegi baha berilýän 20 şäherden 13-üsinde hasaba alyndy. Barly adamlaryň sany hasam Gonkongda azaldy – minus 14%. Nýu-Ýorkda we Parižde bolsa 12% azalyş hasaba alyndy.
20 şäheriň 7-sinde millionerleriň sany artdy. Hýuston amerikan şäherinde görkeziji ýokary boldy – +6%. Ösüş boýunça liderleriň üçlüginde Şweýsariýanyň Ženewa şäheri we San-Fransisko aýlag sebiti bar (5% we 4%).
Reýtingi düzüjiler New World Wealth analitik firmasynyň statistikasyny ulandylar. Onuň maglumatlary esasynda millionerleriň sany taýdan iň çalt ösýän 25 şäher kesgitlendi. Üçlüge Saud Arabystandan Er-Riýad, BAE-den Şarja we Zambiýadan Lusaka girdi. Ösüş, degişlilikde, 20%, 20% we 18% boldy.

şu gün 16:01
1.7k+

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

şu gün 15:50
863

Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp hak tölenýän aktýorlary yglan edildi

ABŞ-nyň kinoteatr eýeleri Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp girdeji gazanjak aktýorlarynyň atlaryny aýtdylar....

şu gün 15:38
493

Emir Teýmiriň 690 ýyllygyna altyn we kümüş teňňeler çykaryldy

Özbegistanyň Merkezi banky beýik serkerde Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik teňňelerini we sowgatlyk toplumlaryny dolanşyga goýberdi....

şu gün 15:16
543

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......