Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Milli gününiň ýubileýini gutlady

  • 31.08.2022 11:35
  • 3.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli gününiň şanly 65 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba we Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malaýziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.


02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......