Samsung täze tumaryny görkezdi

  • 30.08.2022 18:15
  • 14k+

Samsung täze firma tumaryny – gök reňkli G-NUSMAS özge planetalyny hödürledi. “Wirtual awataryň” ady kompaniýanyň adynyň ters ýazylmagyndan emele geldi. Kompaniýa G-NUSMAS-yň Ýerden 100 mln ýagtylyk ýyly aralygynda ýerleşýän Nowus-129 planetasyndan gelendigini belleýär. Özge planetaly ulanyjylary ruhlandyrýan we olaryň mümkinçiliklerini giňeldýän täze tehnologiýalary ösdürmäge kömek edýär diýip, rbc.ru belleýär.  

Nowus-129 planetasy – bu Suwon şäherindäki Suwon 129 salgysy boýunça ýerleşýän Samsung-yň ştab-kwartirasyna yşaratdyr.

“G-NUSMAS-y” döretmek pikiri her gezek Samsung täze özboluşly önümi çykaranda adamlaryň aýdýan degişmelerinden soň döredi. Olar firmanyň innowasion tehnologiýalaryny taslamalaşdyrmak we işläp düzmek üçin özge planetalyny işe alan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar” – diýip, kompaniýada bellenilýär.

Täze tumar kompaniýa ýaş müşderiler bilen aragatnaşygy ýola goýmak üçin zerurdyr. 
G-NUSMAS giň köpçüligiň öňünde ilkinji gezek 2-nji sentýabrdan 6-njy sentýabr aralygynda Berlinde geçiriljek IFA-2022 sarp ediş elektronikasy sergisinde peýda bolar. Mundan başga-da, Samsung YouTube-da gök özge planetalynyň taryhyny gürrüň berýän gysgaça wideolary çykarar. 


11.04.2026 14:59
6.6k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
2.8k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...