Xiaomi-niň we Redmi-niň käbir smartfonlary indi täzelenmez

  • 31.08.2022 17:59
  • 11k+

Xiaomi kompaniýasy EOS (End of Support) derejesine ýeten smartfon modelleriniň sanawyny täzeledi. Onuň täze görnüşine birnäçe gymmat bolmadyk modeller goşuldy. Indi olar üçin hiç hili täzelenmeler – täze programma üpjünçiligi-de, howpsuzlyk täzelenmeleri-de çykarylmaz. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Indi goldawa eýe bolmajak smartfon modelleriniň sanawyna Xiaomi Mi 8, Mi 9 we Redmi 7A goşuldy. Bu gurluşlar iň soňky täzelenme hökmünde MIUI 12.5-i aldy. 25-nji awgustdan başlap görkezilen modeller Xiaomi-den hiç hili howpsuzlyk ýa-da MIUI programma üpjünçiliginiň täzelenmesine eýe bolmaz.
Ulanyjylara könelişen gurluşy ulanmak bilen baglanyşykly töwekgelçiliklerden habarly bolmak möhümdir – köne gurluşlar eksploýtlaryň dürli görnüşlerine has gowşak bolup biler. Eger sizde Xiaomi-niň Xiaomi EOS sanawyna goşulan gurluşy bar bolsa, howpsuzlyk boýunça hünärmenler has täze modellere geçmegi maslahat berýärler.


şu gün 09:00
563

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...