Dell-iň girdejisi II maliýe çärýeginde çaklamalardan pes boldy

  • 29.08.2022 23:58
  • 3.5k+

Dell Technologies Inc. 2023-nji maliýe ýylynyň ikinji çärýeginde girdejisini analitikleriň çaklamalaryndan gowşak ýokarlandyrdy we arassa girdejisini azaltdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşyna görä, onuň 29-njy iýulda tamamlanan çärýekdäki girdejisi 9%, geçen ýylyň degişli döwründäki 24,19 mlrd dollardan 26,43 mlrd dollara çenli ýokarlandy. FactSet tarapyndan sorag edilen hünärmenler bu görkezijiniň ortaça 26,5 mlrd dollar derejesinde bolmagyny çaklapdylar.
Müşderi çözgütleri bölüminiň girdejisi 9%, 15,49 mlrd dollara çenli, infrastruktura çözgütleri bölüminiň girdejisi 12%, 9,54 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
Arassa girdeji 20% azalyp, bir ýyl ozalky 629 mln dollar ýa-da paý üçin 0,8 dollar bilen deňeşdirilende, 506 mln dollar ýa-da paý üçin 0,68 dollar boldy.
Korrektirlenen girdeji bir ýyl ozalky paý üçin 1,48 dollar bilen deňeşdirilende, paý üçin 1,68 dollar boldy. Kompaniýanyň operasion girdejisi 25% ýokarlanyp, 1,27 mlrd dollara ýetdi.
Dell-iň paýnamalary penşenbe güni geçirilen söwdada 5,45% arzanlady. Ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 14,7% pese düşdi.

düýn 23:22
340

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......