Taýland 1-nji sentýabrdan başlap on ýyllyk wizalary girizer

  • 29.08.2022 12:19
  • 11k+

Taýland 1-nji sentýabrdan on ýyllyk wizalary girizer diýip, TourDrom ýazýar.

Şu maglumata görä, wizalar daşary ýurt raýatlaryna ýaşamak we işlemek üçin berler, olaryň eýeleri salgyt we beýleki ýeňilliklere bil baglap bilerler. Şol bir wagtda wizany hemmeler alyp bilmez. Ony diňe million dollardan az bolmadyk aktiwi bolan adamlar, ýyllyk girdejisi 80 müň dollardan az bolmadyk ýaşy 50-den geçen pensionerler, şeýle hem halkara kompaniýalaryň uzak aralykdan işleýän işgärleri alyp bilerler. 


03.03.2026 14:17
4.3k+

Tailand daşary ýurtlular üçin wiza jerimelerini ýatyryp, günde $55 çenli pul goldawyny belledi

Tailandyň häkimiýetleri Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi sebäpli awiagatnawlaryň ýatyrylmagy netijesinde ýurtda galan daşary ýurtly syýahatçylar üçin wagtlaýyn goldaw çäreleriniň girizilýändigini yglan etdi...

23.08.2025 18:31
9.5k+

Tailand 200 müň syýahatça mugt awiabiletleri paýlamagy meýilleşdirýär

Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministrligi daşary ýurtly syýahatçylar üçin mugt içerki uçuş maksatnamasyny teklip etdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 700 mln bat bölüp bermek meýilleşdirilýär diýip, The Economic Times neşiri ýazýar...

22.08.2025 08:02
2.9k+

Tailandda syýahatçylar kriptowalýutalaryny milli pullaryna çalşyp bilerler

Tailandyň hökümeti daşary ýurtly syýahatçylaryň kriptowalýutalaryny bat puluna (taý milli puly) çalşyp, ýurtda syýahat edýän wagty harçlamaga mümkinçilik berjek TouristDigiPay atly täze programmasyny işe girizer diýip, Bloomberg habar berýär...

21.07.2025 23:44
10k+

Bangkokda kagyz fonarlaryň şekilinde myhmanhanalar gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik býurosy Bangkogyň (Tailand) merkezinde guruljak täze Hatai myhmanhana toplumynyň taslamasyny hödürledi. Bina kagyz fonarlaryň stilinde iki aýlaw şekilli köp gatly diňden ybarat bolar...