HBS: Ronaldu "Napoli" klubuna geçmäge razylyk berdi

  • 29.08.2022 12:15
  • 22k+

"Mançester Ýunaýtediň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldu "Napoli" klubuna geçmäge razylyk berdi diýip, La Gazzeta dello Sport habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, portugaliýaly hüjümçiniň geçmegi boýunça geleşik eýýäm ýakyn wagtda resmileşdiriler.

"Napoli" Ronalduny kärendesine alar, portugaliýaly hüjümçiniň aýlyk hakyny bolsa dolulygyna "Mançester Ýunaýted" tölär. Öz nobatynda, neapolitan klubundan Mançestere Wiktor Osimhen barar. Onuň üçin "MÝ" 100 mln ýewro tölär.  


düýn 18:17
4.6k+

«Interiň» eminli galmagaly üçin Seriýa A-dan çykarylmagy we titullarynyň elinden alynmagy mümkin

Milanyň «Inter» futbol klubuna Seriýa B-ä düşürilmek we gazanan kuboklaryndan mahrum edilmek ýaly berk düzgün-tertip çäreleri garaşýar diýip AGI habar berýär....

düýn 16:45
4.5k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....

23.04.2026 16:19
6.1k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

23.04.2026 15:40
6.4k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....