Jokowiç US Open-e gatnaşmajakdygyny habar berdi

  • 28.08.2022 08:57
  • 4.5k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç US Open-de çykyş etmejekdigini habar berdi. Dünýäniň öňki birinji raketkasy giriş düzgünleri sebäpli ABŞ-a girip bilmez. Koronawirusa garşy sanjym almakdan ýüz öwrendigi üçin Jokowiç ýurda girip bilmeýär diýip, championat.com belleýär.

“Gynansak-da, men US Open üçin Nýu-Ýorka gidip bilmeýärin. Söýgüden we goldawdan doly habarlaryňyz üçin hemmäňize minnetdar. Meniň tennisçi dostlaryma-da üstünlik arzuw edýärin. Men gowy formamy we oňyn söweşiji ruhy saklaryn. Korta ýene-de çykmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşaryn. Tiz wagtdan görüşeris, tennis dünýäsi” – diýip, Jokowiç sosial ulgamlarda ýazdy.

Öň, serbiýaly tennisçi Australian Open-de oýnap bilmedi. Ol koronawirusa garşy sanjym almakdan boýun gaçyrandygy sebäpli ol ýere baryp bilmedi.
US Open-iň häzirki çempiony russiýaly Daniil Medwedewdir.


düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
3.8k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

düýn 10:43
8k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......