3-nji sentýabrda “Garaşsyzlygyň merjen däneleriniň” jemleýji tapgyry geçiriler

  • 27.08.2022 16:41
  • 5.2k+

3-nji sentýabrda zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Ony guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada 26-njy awgustdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Amannepesow hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýdymçy çagalaryň 18-siniň hem-de tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-siniň gatnaşmaga hukuk gazanandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutany zehinli çagalary ýüze çykarmak boýunça işleri geljekde-de dowam etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere 3-nji sentýabrda geçiriljek ýaş ýerine ýetirijileriň konsertine taýýarlygyň barşyna talabalaýyk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 13:59
574

TÜRKSOÝ-yň opera konserti, Ýeňiş güni mynasybetli sergi we Aşgabadyň teatr premýeralary

2-nji we 3-nji maýda Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sungatynyň ussatlarynyň gala-konsertleri geçiriler. Sahnada Azerbaýjandan,......

düýn 23:23
2.3k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.6k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....