PetroChina-nyň ýarymýyllyk arassa girdejisi 1,6 esse ýokarlandy

  • 26.08.2022 22:32
  • 3.2k+

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýyň iň uly nebitgaz kompaniýasy bolan PetroChina nebitiň we gazyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde arassa girdejisini 1,6 esse, girdejisini 1,3 esse ýokarlandyrdy. Ýanwar – iýun aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 53,04 mlrd ýuana garşy 82,39 mlrd ýuan ($12 mlrd) boldy diýlip, hasabatda aýdylýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

PetroChina-nyň girdejisi bir ýyl ozalky 1,2 trln ýuandan 1,61 trln ýuana çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň nebit we gaz önümçiliginiň umumy göwrümi birinji ýarymýyllykda 3,1% ýokarlanyp, 845 mln barrel nebit ekwiwalentine deň boldy. Nebit önümçiligi 2% - 451,9 mln barrele çenli, tebigy gaz önümçiligi 4,4% - 2,358 trln kub futa çenli ýokarlandy.
Ýanwar – iýun aýlarynda nebiti we gazy agtarmak we gazyp almak ugrunda girdeji 43% ýokarlanyp, 447,35 mlrd ýuan boldy. Nebitiň ortaça satuw bahasy bir barrel üçin $94,65 boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 59,2% ýokarydyr.
Nebiti gaýtadan işleýiş we nebithimiýa ugrunda girdeji 27% ýokarlanyp, 583,852 mlrd ýuana ýetdi.
Birinji ýarymýyllykda kompaniýanyň maýa goýumlary 25%, 92,31 mlrd ýuana çenli ýokarlandy. 2022-nji ýylyň başyndan bäri PetroChina-nyň paýnamalary 12% gymmatlady.


22.06.2025 11:33
4.4k+

Labubu öndürijisi hytaý gazetindäki ýiti tankyt sebäpli $4 mlrd ýitirdi

Meşhur Labubu oýnawaçlaryny çykarýan Pop Mart kompaniýasynyň eýesi “Ženmin žibao” gazetindäki ýiti tankytdan soň tas 4 mlrd dollar ýitirdi. Kompaniýanyň paýnamalary Gonkong biržasynda birden arzanlady diýip, South China Morning Post habar berýär...

16.06.2025 14:17
4.5k+

Labubu oýnawaçlarynyň üstünligi Pop Mart-yň eýesini iň baý hytaýlylaryň birine öwürdi

Labubu oýnawaçlarynyň meşhurlygy Pop Mart kompaniýasynyň eýesi Wan Nini Hytaýyň iň baý on adamynyň birine öwürdi. Forbes-iň maglumatlaryna görä, häzir onuň baýlygy 22,7 mlrd dollara barabar. Oýnawaçlara bolan isleg kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň 34 dollardan 270 dollara çenli ýokarlanmagyna getirdi...

19.04.2025 23:05
7.2k+

Apple Hytaýyň smartfon bazarynda bäşinji orna düşdi

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda smartfon bazary 3,3% ösüp, 71,6 mln smartfona ýetdi. IDC-niň maglumatlaryna görä, ösüşe 810 dollara çenli bahadaky smartfonlar üçin döwlet ýeňillikleri we Hytaý Täze ýylynyň baýram edilen döwründe möwsümleýin isleg ýardam etdi...

02.04.2025 10:13
5.6k+

Ululygy boýunça dünýäde üçünji polat öndürijisi ýyly bir milliard dollar ýitgi bilen jemledi

Hytaýyň Angang Steel polat öndüriji kompaniýasy 2024-nji ýyly 7,12 milliard ýuan (981 million dollar) möçberinde arassa ýitgi bilen tamamlandy. Bu 2023-nji ýylyň görkezijilerinden iki esse ýaramaz diýip, Bloomberg...