Karlo Ançelotti UEFA tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi boldy

  • 26.08.2022 09:48
  • 8.4k+

Madridiň “Realyna” ýolbaşçylyk edýän italiýaly Karlo Ançelotti Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) wersiýasyna görä, 2021/22-möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi. Bu barada Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişiginde belli boldy.

Geçen möwsümiň netijesi boýunça, “Real” Ispaniýanyň çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.
Ançelotti 62 ýaşynda, ol 2021-nji ýylyň tomsunda “Reala” ýolbaşçy boldy. Ançelotti Ýewropanyň iň güýçli bäş milli çempionatynyň her birinde ýeňiş gazanan taryhda ilkinji tälimçi boldy. Karýerasynyň dowamynda italiýaly hünärmen milli birinjilikde Angliýanyň “Çelsi”, Germaniýanyň “Bawariýa”, Italiýanyň “Milan” we Fransiýanyň “PSŽ” klublaryny ýeňşe getirdi.
Baýrak üçin dalaşgärleriň hatarynda Angliýanyň “Mançester Sitisiniň” baş tälimçisi ispaniýaly Hosep Gwardiola we “Liwerpulyň” baş tälimçisi germaniýaly Ýurgen Klopp hem bardy. Geçen ýyl baýragyň eýesi Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Tomas Tuhel boldy.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......